Döwlet muzeýindäki sergide türkmen sportunyň taryhyndan şanly sahypalar görkezilýär

photo

„Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň öňüsyrasynda Döwlet muzeýinde açylan tematiki sergi şu uly möçberli sport çäresi tamamlanýança dowam eder. Aşgabat Aziadasyna gatnaşyjylara we türkmen paýtagtynyň myhmanlaryna ýurdumyzda sport hereketiniň taryhy barada gürrüň berýän eksponatlar bilen tanyşmaga, şeýle hem ajaýyp türkmen türgenleriniň durmuşyndan gyzykly zatlary bilmäge mümkinçilik döreýär. 

Serginiň guramaçylary gadymy aň-paýhas oýny bolan küştüň dörän asyrlaryň jümmüşine garamaga çagyrýarlar. Gadymy Marguşda tapylan toýun küşt mallary bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Olar miladydan öňki III-II müňýyllyklarda ýasalypdyr. Mundan başga-da, bu ýerde orta asyrlara degişli agaçdan we süňkden ýasalan küşt mallary hem gabat gelýär. Х asyrda Arap halyflygynyň paýtagty Bagdatda ýaşap geçen Dehistandandan türkmen hanlarynyň neberesi Abubekr as-Suliniň heýkeliniň suraty küşt mowzugyny dowam edýär. Ol küştiň janköýer muşdagy bolansoň bu barada ençeme ylmy işleri ýazypdyr. Nakgaş Juma Hudaýgulyýew döwürdeşleriniň ýatlamsyna salgylanyp, as-Suliniň portretini çekipdir, Türkmenistanyň at gazanan heýkeltaraşy Welmyrat Jumaýew bolsa, bu zehinli alymyň we küştçiniň heýkelini ýasapdyr. 

Sergide 1939-njy ýylda SSSR-iň absolýut çempiony bolan Täşli Taýlyýew, Türkmenistanyň sekiz gezek we SSSR-iň iki gezek çempiony bolan Amanmyrat Kakageldiýew, halkara grossmeýsteri, 1996 we 1998-nji ýyllarda Bütindünýä küşt olimpiadalarynyň çempiony Mähri Geldiýewa ýaly türkmen küştçileriniň dürli halkara ýaryşlarynda gazanan medallary goýlupdyr. 

Türkmen sportunyň taryhynda göreşe aýratyn orun berlipdir. Tanymal pälwanlaryň ady ýekän-ýekän tanalypdyr. Mysal üçin, XIX asyryň ahyrynda – XX başynda Tejenden Nepes Çakan we Ýazly pälwan, Aşgabatdan Buzly pälwan we Moždun pälwan we beýlekiler tanymal bolupdyr. Soňra, döwürdeşimiz pälwan we at gazanan tälimçi Hudaýberdi Paltaýew türkmenistanlylaryň arasynda göreş boýunça ilkinji sport ussady bolupdyr. Bu fotosuratlar galareýasynda sambo boýunça at gazanan sport ussady Kakageldi Çaryýewiň portreti hormatly orun eýeleýär. 

1935-nji ýylda türkmen ýigitleriniň ahal-teke we ýomut bedewlerinde 84 günde Aşgabatdan Moskwa çenli 4300 kilometr ýol geçen surat sene ýazgysy tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýär. Olaryň ýoly Garagumu çölünden, Üstýurduň suwsuz-sölsüz şorluklaryndan, Gazagystanyň we Wolgan aňyrsynyň düzlüklerinden geçipdir. A. Medwedewiň 1938-nji ýylda çeken „Atly ýörüş“ suraty fotosuratlaryň üstüni sazlaşykly ýetirýär. 

Ady älem dolan türkmen atlarynyň şöhrady asyrlarboýy ýaşap gelýär: 1960-njy ýtlda Sergeý Filatowyň Rimde atçylyk sporty boýunça sowet türgenlerinden ilkinji olimpiýa çempiony bolan Absent atly aty dünýäde iň tanymal ahal-teke bedewidir. 

Serginiň guramaçylary beýleki gyzykly faktlary-da ünsden düşürmändirler. 1936-njy ýylda türkmen balykçylary taýmylly Türkmenbaşy şäherinden Moskwa çenli 4600 kilometr aralygy 93 günde geçipdiler. Olaryň fotosuratlary muzeýde saklanylýar. XIX- XX asyrlarda türkmenleriň arasynda tüpeňden ok atmak ýörgünli bolupdyr. Şeýle ýaryşlary öz gözi bilen gören A.N. Samoýlowiç: „At çapyşygynyň yzysüre mergenler hatara bolşup, uzyn nilli myltyklarynyň aýagyny ýere dikip, golaýdaky depedäki gyrymsy agaçdan asylan süňki nyşana alyp ot atyp başladylar....“—diýip ýazypdyr. Ok atmak sungaty nesilden nesile geçip, zehinli we mergen atyjylary ýüze çykarypdyr. 

Şunuň bilen baglylykda ady rowata öwrülen aşgabatly Marat Nyýazowy aýratyn bellemek gerek. Ol 1960-njy ýylyň Olimpiadasynda kümüş medalyň eýesi, dünýäniň ýedi gezek çempiony, dünýä çempionatlaryndan on gezek kümüş we üç gezek bürünç medalyna mynasyp boldy, Ýewropanyň üç gezek, SSSR-iň on dört gezek çempiony, dünýäniň iki gezek, Ýewropanyň on bir gezek, SSSR-iň on üç gezek rekordyny goýan mergendir. 

Agyr atletikaçylaryň arasynda-da şöhrat gazanan ildeşlerimiz kän. Fotosergi geçen asyryň 30-njy ýyllarynda bütinsoýuz rekorlarynyň otuza golaýyny goýan at gazanan sport ussady Pýotr Kustodow, ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony bolan Gurban Mätiýew bilen tanyşdyrýar. Dünýäniň üç gezek we Ýewropanyň dört gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýewiň eýelän medallary we kuboklary hem sergide hormatly orun tutýar. Şu ýyl tanymal ştangaçynyň garyndaşlary onuň gazanan sylaglaryny muzeýe peşgeş berdiler.