POMIDORYŇ EKSPORTY IKI ESSE ARTAR

Pomidor we beýleki ekinleri ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmek boýunça ýöriteleşýän hususy oba hojalyk öndürijileriniň eksport mümkinçiligi artýar.
Ýyladyşhanalar ýurtda azyk howpsuzlygyny goldamakda möhüm orna eýe bolup başlady. Olar arly ýylyň dowamynda ilaty täze gök önümler bilen üpjün edýärler we hemişelik iş ýerlerini döredýärler. Türkmenistanyň hususy oba hojalyk öndürijilerinden içerki we daşarky bazarlara pomidor, hyýar, bulgarburç, ýertudana we beýleki azyk önümleri iberilýär.
Türkmenistanda şitilhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän pomidor, GDA bazarynda uly meşhurlyk gazanmak bilen, ýurduň esasy eksport harytlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň oba hojalyk bölüminiň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda hususy şereketler daşary ýutlara bahasy 51 million ABŞ dollaryna barabar bolan 44,6 müň tonna azyk önümini satypdyrlar. Bu harydyň bahasy 35,4 million ABŞ dollary bolan takmynan 40 müň tonnasy üsti ýapyk ekin ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilen pomidorlaryň dürli görnüşlerine degişlidir.
Önümçiligiň ösüşi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 172 % boldy. Eýsemde bolsa, deslapky maglumatlara görä, şu ýylyň bäş aýyndaky pomidor eksportynyň möçberi geçen ýylyň görkezijilerinden ýokarydyr. Deslapky maglumatlara görä, geçen bäş aýda ýurduň gümrüklerinden daşary ýurtlara bahasy 41 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan 39 müň tonna ter gök önüm iberilipdir. Şunuň ýaly depgin bilen ýylyň ahyryna çenli Türkmenistandan pomidor eksportynyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse artar.
Ýokary hilli türkmen önümleriniň gadyryny bilýän ýurtlaryň sany artdy. Öň pomidor, esasan, Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana, onda-da diňe paýtagt şäherlere iberilen bolsa, indi “Made in Türkmenistan” nyşany bolan önümlere Sankt-Peterburgyň we Uralyň ýaşaýjylary, BAE-niň we Gyrgyzystanyň alyjylary tarapyndan mynasyp baha berilýär.
Öňümizdäki ýyllarda Türkmenistanda ýyladyşhanalaryň meýdany birnäçe esse artar. Häzirki wagtda ýurduň oba hojalyk etraplarynda meýdany 400 gektardan gowrak bolan segsen töweregi ýyladyşhana gurlup, ulanylmaga berildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň maglumatlaryna görä, ýakyn wagtda işleýän hojalyklaryň sany iki esseden-de köp artmak bilen, 1700 gektar meýdany eýelär. Oba hojalyk ekinleri üçin täze pena gurmak bilen meşgullanýan käbir hususy şereketler eýýäm gök önümleri, miweli agaçlary we iýmişli ekinleri ösdürip ýetişdirip başladylar. Häzir işleýän ýyladyşhana şereketleriniň sany yzygiderli artýar. Ýakyn geljekde iki müň gektardan gowrak ýer penaly bolar.
Hususan-da, Ahal welaýatynyň Kaka we Ak Bugdaý etraplarynda “Oguzýoly” we “Daşkömür” HK ýyladyşhanalarynda pomidor ösdürip başladylar. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde telekeçi Sapardurdy Nalyýew häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlary we ekin ideginiň täze usullaryny ulanýar. Mary welaýatynyň Sakarçage etrabyndan “Mahriban oba” HK we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan “Altyngalagurluşyk” HK täze nesle degişli ýyladyşhana meýdanlaryny üstünlikli özleşdirýärler. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda, “Altyn bürgüt” HK täze usullary ulanmak bilen, ýyladyşhanalarda gök önümlerden ajaýyp hasyl alýar.
Ýyladyşhanalaryň artmagy we olarda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň köpelmegi ýurduň eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna, oba hojalygynyň umumy ösüşine goşant goşar.