TÜRKMENIŇ KÖŇÜL OWAZY – DUTAR

Iki tar many berýän dutar – türkmen halkynyň köp asyrlyk saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Isle toý bolsun, isle döwlet baýramy – hiç bir dabara bagşysyz geçmeýär.
Hemişe-de bagşylaryň il arasynda hormat-sarpasy belent bolupdyr. Bagşylaram dutary göz göreji deý aýawly saklap, daşyna ýumşak matadan gap tikipdirler, asla guralyny adam ogluna bermändirler. Halk arasynda dutary bilen gandöküşikli çaknyşygyň öňüni alan Şükür bagşy barada hekaýat meşhurdyr.
Aslynda, islendik agaçdanam dutar ýasap bolýar, ýöne onuň owazy zoňtar çykar, kän ulanybam bilmersiň. Dutar diňe azyndan elli ýaşan tut agajyndan ýasalanda onuň owaz berşi-de saýry bolýar. Wagtyň geçmegi bilen agajam berk, owadan, saýhally bolýar.
Onuň böleklerini usullyk bilen juda takyk seplemeli. Dutaryň kädisidir gapagy belli ölçegden ýokary bolmaly däl, ýogsa ondan göwün islän owazyň alyp bilmersiň. Indi dutar ussalary işde takyk enjamlardan peýdalanýarlar, ýöne tejribesi ýetik ussalar ata-babalaryňky ýaly, göz çeni bilen ýasaýarlar. Olar agajy almaz kimin ýiti teşe bilen gyryp, ony gerek derejä ýetirýärler. Törpidir ige bilen ýylmanylýar, perdeleri, gulagy oturdylýar. Yhlas bilen sünnälenilip dutar ýasalyşyna bakyp gözüň doýmaýar.
Agaç deslapdan bir däl, ençe dutar üçin taýýarlanylýar. Agajy ençeme ýyllap hem saklanylýar. Wagty bilen onuň reňki goýalrýar, garalýar. Agajyň reňki üýtgedigiçe gymmaty artýar. Türkmen ussalary ne reňk, ne-de lak ulanýarlar. Olar dutara aýratyn sesem, üýtgeşik görk-de bermeýär. Onsoňam zanny gözel zada goşmaça görk ne derkar!? Ähli zat tebigy, durmuşyň özi deý hakyky bolmaly. Ýyl geçdigisaýy dutaram edil adam ýaly üýtgeýär. Wagt adamlaryň başyny çalartsa, dutary garaldýar.
Onuň agaç bölekleri bir-birine jebis seplenenden soň ýene kyn iş başlanýar – indi taryny oturtmaly. Ussa diňe taryny satyn alaýmasa, galanyny özi ýasaýar, gulagyny hem özi guýýar. Ussalar hat-da işleýän gurallarynam öz eli bilen ýasaýarlar. Galyberse-de, dutar ýasajak bolsaň, özüňem ussat sazanda bolmaly.
Bir wagtlar Türkmenistanda dutar ýasaýan artellerem bolupdyr, ýöne onda ýasalýan saz gurallarynyň hyrydary bolmandyr. Olardan ýürege ýakyn ses alynmandyr. Ýaş sazandalar dutary elektrige geçirtmekçi bolupdyrlar, ýöne ondanam ýüz öwrülipdir. Dutar tokda-da ýetik owaz bermändir.
Bilmeýäne dutarlaryň ählisi bir-birine meňzeş ýalydyr. Ussa welin müň dutardanam öz ýasanyny saýrylap biler. Sebäbi her kimiň öz usuly bolýar. Türkmen ussalary hiç haçan öz ýasan zadyna tagma-da basmaz, başga belligem etmez. Dutaryň owazyndan ony kimiň ýasany bildirip durka, ol nämä gerek!?
Başy çykmaýana hiç bir bezeg-nagyşsyz dutar öte ýönekeý ýalydyr. Emma onuň kaddy-keşbi kämillik derejesine ýetirilendir. Bary-ýogy iki tarda ýürek owazyny-nalasyny beýan etmek üçin ne ussatlyk gerek diýsene! Dutar sazynda ähli duýgy-oýlaryňy diňleýjä ýetirip bolýar.
Türkmenistanda bagşyçylyk sungaty hemişe belent tutulýardy, häzir-ä ol has belende göterildi, çünki ýurtda halk döredijiligine uly üns berilýär.