TÜRKMEN ALABAÝY – EDERMEN GORAGÇY WE WEPALY DOST

Şu günler Aşgabatda «Türkmen topragy — dünýä ýaňsalan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirilýär. Bu çäräniň esasy mowzugy täsin it tohumyna – milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup duran türkmen alabaý itlerine we aw tazysyna bagyşlanýar.
Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy – türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlaryndan biri hasaplanýar, onuň ýaşy takmynan 3 müňden 6 müň ýyla çenlidir. Daşky görnüşiniň gadymy ata-babalarymyzyň döwründäkisinden üýtgemän, asyl görnüşinde şu güne çenli saklanyp galmagy türkmen alabaýynyň tohumynyň özboluşlylygynyň şertidir.
Tohumyň emele gelen tebigy sebiti, ýagny günbatarda Hazar deňzinden gündogarda Hytaý bilen häzirki serhet aralygyny öz içine alýan Aziýa yklymynyň çägidir. Gadymy döwürlerden bäri tebigy şertler sebäpli ýerli ilat çarwaçylyk bilen meşgullanypdyr. Adamlara öý-ojaklaryny we kerwenleri, şeýle hem dowar sürülerini we gaýry mallaryny ýyrtyjylaryň hüjüminden goramakda gowy iş bitirip biljek wepaly, sadyk goragçy gerek bolupdyr.
Agyr howa şertleri, ýyrtyjylar bilen dowamly göreş türkmen alabaýynyň daşky görnüşini emele getirip, häsiýetini toplapdyr. Köpasyrlyk seçim itleriň özüni alyp barşyny kesgitläpdir, olary çydamly, gorkmazak we çöl şertlerinde güýjüňi tygşytly sarp etmäge ukyply edipdir.
Bir gadymy aýtgyda «Türkmen itiniň bolan ýerinde, ne ýylan bardyr, ne içýan» diýilýär. Erkekler öýden gidenlerinde, aýallaryň we çagalaryň howpsuzlygy üçin jogapkärçilik wepaly alabaý itiniň üstüne düşüpdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» kitabynda: «... Öýünden uzaga ryskyny idäp giden kişilere bedewi ýoldaş bolupdyr, olaryň öýüniň goragçysy bolsa, wepaly alabaýlary. Käteler obada zenan maşgalalar, oglan-uşaklar galýarlar. Şonda syrgyndan çete çykyp, gelip-geçene ünsli nazar salyp oturan alabaýy bolan oba del aýak sekmeýär» diýilýär.
Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda bu tohum itler adamlar üçin ygtybarly garawul bolup hyzmat edipdir. Gadymy türkmen halylarynyň göllerinde tapylan it şekilleri-de, Altyn depeden tapylan terrakotadan ýasalan itiň heýkeljigi, gadymy Marguşdan we Jeýtundan tapylan itiň ystyhanlary, Pessejikdepe ýadygärliginde diwaryň ýüzüne çekilen itiň şekilleri hem muny subut edýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda «Güjük yzy» diýilýän gadymy nagyş tapyldy. Türkmen itiniň penje yzlary IX – XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginiň kerpiçlerinde möhür bolup galypdyr. Gadymy yrymlara görä, bu nagyş tumaryň wezipesini ýerine ýetiripdir.
Häzirki wagtda adamyň wepaly dosty – alabaý itleri harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde aýrylmaz kömekçidir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken resminama laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçiler.
Arassa tohumly alabaýy köpeltmek boýunça işjeň işler alnyp barylýar, ithanalar we ýardamçy binalar, itşynaslyk merkezi gurulýar.
Şeýle hem itleriň bu tohumynyň şöhratyny artdyrmak bilen, Ahalteke atlaryny seýislemek we türkmen itlerini köpeltmek sungatyny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak meýilleşdirilýär.