WATAN GORAGÇYSYNA BAGYŞLANAN SERGI

photo

Ýurdumyzda 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçysynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy. Sergide dürli nesliň suratkeşleriniň işleri görkezildi.

Iwan Çerinkonyň «Durmuş gowulaşdy, durmuş has bagtly boldy» atly suraty uruşdan döşi ordenli gaýdyp gelen esgeriň ýaragyny dutara çalşyp, bir gözeli üns bilen synlamagy: başga durmuş, başga gymmatlyklary – maşgala bagty we çagalaryň dünýä inmegi bilen başlanan parahat durmuşy şekillendirýär.

Azat Jumanyýazow öz işinde agras, birneme ýadaw sypatly, görmegeý, juwan harby gullukçynyň portretini görkezdi. Suratkeş bu eseri «Muhammediň portreti» diýip atlandyrypdyr. Dogrudan-da, mert söweşijiniň ýüzüne seredeniňde, kyn pursatda elmydama oňa bil baglap boljakdygyna ynanýarsyň – islendik ýagdaýdan alyp çykar, çünki ol – Watan goragçysy.

Sergide birnäçe surat serhetçilere bagyşlanypdyr. Şolaryň arasynda Aşyrjuma Nuryýewiň «Düşelgede» atly suraty sarymtyl-gyzyl öwüşginde çekilipdir. Esgerleriň bir topary dynç alýan pursatynda Garagum çägesiniň üstünde dyzlaryny epipdirler we gymmatly wagty boş geçirmezlik üçin, gazet okamaga girişipdirler. Esgerleriň geýimleri çogly gününiň astynda agarypdyr, şonuň üçin-de sary çägeli alaňlar bilen sazlaşýar. Bu jikme-jiklikde awtoryň göçme manyda aýdan sözlerine düşünmek bolýar – Watan goragçylarynyň türkmen topragy bilen bagry badaşypdyr.

Wladimir Pawlotskiý öz suratynda Watan araçägini goraýan serhetçiler toparyny çekipdir. Bir topar esger daglyk ýerden geçýän serhet zolagynda gözegçilik geçirýär. Suratçy işine «Parahatlyk ýurdunda» at beripdir.

Durdy Baýramow suratyny post-impressionizm uslybynda çekipdir, ol döwürde Pöwrize jülgesiniň agaçlarynyň ýapraklarynyň reňki suratçynyň matasynyň ýüzünde oýnaýar. Bu gözelligiň aşagynda iki sany atly serhetçi özlerine ynanylan ýerlerde gözegçilik edýär. Durdy Baýramow suratyny «Parahat toprak» diýip atlandyrypdyr.

«Hiç kim ýatdan çykanok, hiç zat unudylanok» atly eserinde suratkeş Çary Öwwäýew urşy başdan geçiren tejribeli esgerler bilen ýaş nesle degişli harby gullukçylaryň arasyndaky gatnaşygy nygtaýar. Ýaşlar köpi gören Watan goragçylarynyň gürrüňlerini, maslahatlaryny, öwütlerini uly hormat we minnetdarlyk bilen kabul edýärler.

Sergi ýurduň ýaragly güýçleriniň baýramçylyk harby ýörüşi bilen tamamlanýar. Harby ýörüşi açýan türkmen esgerleri at üstünde suratlandyrylýar. Surat «Ahalteke gözellikleri» diýlip atlandyrylýar we bu ýere gelýänleriň nazary owadan atlaryň ajaýyp gözelliginde biygtýar saklanýar, çünki olaryň saýasynda harby ýörüş has dabaraly, has joşgunly bolýar.