KHBS üçin maglumat
28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Söhbetdeşler birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen mähirli gutlap, iň gowy arzuwlary beýan etdiler we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge bolan özara ygrarlylygy tassykladylar.
Söhbetdeşligiň barşynda özüniň netijeliligini we parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýändigini subut eden syýasy gepleşikleriň ähmiýeti we möhümligi beýan edildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl üçin özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda garalan meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy syýasata dialog, hormat goýmak we sabyr-takatlylyk medeniýetini gaýtaryp getirmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň we jebisleşdirmegiň möhümligi täze güýje eýe bolýar.
Şunda ýokary jogapkärçilikli, häzirki hem-de geljek nesilleriň öňünde ynsanperwer wezipäni ýerine ýetirýän zenanlara uly orun degişlidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu barada aýtmak bilen, 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň birinji dialogynyň Türkmenistanda üstünlikli geçirilendigini belledi. Bu forumyň zenanlaryň halkara durmuşyndaky durnuklaşdyryjy we döredijilikli ornuny görkezendigi we olaryň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek işlerine işjeň gatnaşmagyna möhüm itergi berendigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň ikinji dialogyny geljek ýylyň maýynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Bu çäre Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk deňzi, duşuşyklaryň, dialogyň, özara düşünişmegiň ýeri hökmündäki ornuny we taryhy maksadyny tassyklamak bilen, aýratyn mana eýe bolar. Munuň özi dünýä syýasatynyň häzirki çylşyrymly ýagdaýynda has möhümdir.
Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek ikinji dialog bu sebitiň halkara diplomatiýanyň jogapkärli merkezleriniň biri, onuň çäklerinden has uzaklara ýaýrajak hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň döredijilikli başlangyçlarynyň merkezi bolup durýandygyny äşgär eder.