img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Noý

COP31-iň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary

2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ISESCO) Baş direktory Salim Muhammed Al-Malik bilen geçirilen...

DOWAMY
pic
12 Noý

Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy

2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy. Maslahata dünýäniň 200-e golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ministrler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ekologiýa ulgamyn...

DOWAMY
pic
10 Noý

Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan...

DOWAMY
pic
10 Noý

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň wekili bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildliň Lordy Wud bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň gün tertibiniň möhüm meselelerine garap, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini nygtad...

DOWAMY
pic
9 Noý

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem ýorgan-düşek daşlyklary, nah mata we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içer...

DOWAMY
pic
9 Noý

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň resminamalary BMG-de çap edildi

2026-njy ýylyň 7–8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalary hökmünde çap edildi. Olara aşakdaky resminamalar girýär: · Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy (A/81/460); · «Parahatçylygy...

DOWAMY
pic
9 Noý

Türkmenistanyň resminama mirasy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sebit sanawyna girizildi

2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça sebit komitetiniň (MOWCAP) 11-nji Umumy mejlisi we halkara maslahaty geçirildi. Çäräniň guramaçylary hökmünde Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwi, Indoneziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ÝUNESKO boýunça milli komissiýalary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Medeni miras gullugy çykyş etdiler. Halkara maslahatyň esasy t...

DOWAMY