img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Okt

Türkmenistanyň Prezidentine «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor» derejesi berildi

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hajettepe uniwersitetine bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidentine «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor» atly derejäni bermek dabarasy boldy. Uniwersitetde döwlet baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we bu ýokary okuw jaýyň rektory Mehmet Jahit Güran dagylar mähirli garşyladylar. Uniwersitetiň talyplary ýurt baştutanyna gül çemenini gowşur...

DOWAMY
pic
30 Okt

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Günorta Afrika Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Astana ş.) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lungisani Dominik Ntombele bilen duşuşygy geçirildi. Günorta Afrika Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we konstruktiw hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esasla...

DOWAMY
pic
30 Okt

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Ankara şäheriniň “Etimesgut” howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary Türki döwletleriň...

DOWAMY
pic
29 Okt

Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde “Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň hatyrasyna jebislik” atly Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Forumyň dowamynda gatnaşyjylar parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, şeýle hem Merkezi Aziýa dö...

DOWAMY
pic
29 Okt

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Parlamentiniň iki palatasynyň başlyklary bilen duşuşyklary geçirdi

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumynyň IV mejlisine gatnaşmak maksady bilen Täjigistan Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Rustam Emomali Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman A...

DOWAMY
pic
29 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Biologik köpdürlilik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň (COP17) ýokary derejeli segmentine gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen BMG-niň Biologik köpdürlilik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň (COP17) ýokary derejeli segmentine gatnaşdy. 2026-njy ýylyň 19-30-njy oktýabry aralygynda geçirilýän maslahat biologik köpdürliligi saklamak we ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralaryn...

DOWAMY
pic
28 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi. Türkmenistan sammite myhman hökmünde gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýetine Türkmenistanyň döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny hem-de bu ýangyjyň dünýä b...

DOWAMY