img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Biologik köpdürlilik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň (COP17) ýokary derejeli segmentine gatnaşdy

img
img
img
img

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen BMG-niň Biologik köpdürlilik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň (COP17) ýokary derejeli segmentine gatnaşdy.

2026-njy ýylyň 19-30-njy oktýabry aralygynda geçirilýän maslahat biologik köpdürliligi saklamak we ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň we tebigaty goramak ugrynda iş alyp barýan düzümleriň wekillerini birleşdirdi.

Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişinde köpçülikleýin ýetilen sepgitleri bahalandyrmak, şeýle hem ekoulgamlary goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ýaramazlaşan topragy dikeltmek we tebigaty goramagy maliýeleşdirmek mehanizmlerini ösdürmek COP17-niň esasy wezipesi bolup durýar.

Foruma Türkmenistanyň gatnaşmaklygy milli başlangyçlary öňe sürmekde möhüm ädim bolup durýar. Ýurdumyz Garagum sährasyndan başlap, Köpetdagyň we Köýtendagyň daglyklaryna hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyna çenli özboluşly tebigy ekoulgamlara eýedir.

Ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýan döwlet syýasaty tebigaty goramagy kämilleşdirmäge, aýratyn goralýan tebigy çäkleri ösdürmäge, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek duşýan görnüşlerini gorap saklamaga, şeýle hem çölleşmä garşy göreşmeklige gönükdirilendir.

Foruma gatnaşmaklyk tejribe alyşmaklyga, özara gatnaşlyklary giňeltmekde we häzirki hem-de geljekki nesilleriň hatyrasyna Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa durnuklylygynyň maksatlaryna ýetmekde ýardam edýär.