AŞGABAT-140 ÝYL: HALKARA YLALAŞDYRYJY, YNANYŞMAK WE HYZMATDAŞLYK MERKEZI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň esasy maksady dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde jemlenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagty — şu ýyl 140 ýyllygyny giňden belleýän Aşgabat ençeme gezek halkara maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol maslahatlaryň gün tertibine döwrüň möhüm meseleleri girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýädäki belent abraýynyň, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugrunyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatda eden çykyşynda, Türkmenistanyň halkara giňişlikde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň ýurdumyz üçin möhüm taryhy waka bolandygyny nygtady. Bitaraplyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugruny we mazmunyny öňünden kesgitledi, içerki ösüşe, ykdysadyýet we durmuş ulgamynda giň gerimli milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine, demokratik edaralaryň kemala gelmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly oňyn täsir etdi.

Geçen çärýek asyryň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygy özüni netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hakyky dostluk, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde görkezdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti”, şeýle hem 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hem-de 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň döredijilik häsiýeti hem-de onuň binýadynda goýlan ýörelgeler döwletimiziň köptaraply diplomatiýasynda hemmetaraplaýyn beýanyny tapýar. Bu strategiýanyň örän aýdyň üstünliginiň mysaly hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Şeýle hyzmatdaşlyga iki tarapdan hem strategik häsiýet berildi.

Özara hereketleriň toplanan baý tejribesine daýanyp, soňky döwürde däbe öwrülen bu gatnaşyklar täze anyk mazmun bilen baýlaşdyryldy. Munuň şeýledigine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlislerinde wise-başlyklyga hem-de bu iri halkara guramanyň abraýly düzümleriniňdir ykdysady institutlarynyň agzalygyna saýlanmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzir Aşgabatda yzygiderli esasda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň we edaralarynyň birnäçesi — BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirlik, BMG-niň Ilat gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy we beýlekiler işleýär.

2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda uly waka boldy. Bu merkeziň Milletler Bileleşiginiň sebitdäki öňdebaryjy ygtybarly wekilhanasy hökmünde özüni görkezen düzümleriň hatarynda deňi-taýy ýokdur. Birleşen Milletler Guramasynyň bu ädimi ýurdumyzyň ylalaşdyryjylyk derejesini has-da berkidip, Owganystandaky ýagdaýlary düzgünleşdirmekde örän uly orun eýeledi. Türkmenistan bu ýurduň halkyna täze, parahat durmuşy gurmakda iş ýüzünde yzygiderli anyk kömek berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, goňşy döwletiň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan täzeden dikeldilmeginiň hem-de sebitidir dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm ugry owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin, hususan-da, energetika, ulag hem-de kommunikasiýa ýaly durmuş taýdan örän möhüm ugurlardaky taslamalaryň amala aşyrylmagyndan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, üstaşyr demir ýollaryň, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamalaryna, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň ulanylmaga girizilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzir Türkmenistanyň abraýly guramalar bilen gatnaşygy howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, gender deňliginiň meselelerine çenli, ekologiýa meselesinden başlap, migrantlaryň hukuklaryny goramaga çenli ähli ulgamlary diýen ýaly gurşap alýar. BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda gün tertibine döwrüň möhüm meseleleri girizilen iri halkara maslahatlar ençeme gezek geçirildi. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça halkara maslahat, BMG-niň Merkezi Aziýadaky ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli halkara maslahat, “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly ýokary derejeli halkara maslahat, Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat, Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty (RECCA VII) we beýlekiler bar.

Bitaraplyk derejesi Türkmenistana halkara ynsanperwer işleri, hususan-da, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek etmäge gatnaşmak üçin oňaýly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyz BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasyny Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy, Halkara Migrasiýa Guramasynyň agzasy bolmak bilen, bu çylşyrymly ählumumy meseleleriň çözülmegine goşant goşýar. Bu bolsa Aşgabatda geçirilen “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatda hem-de migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahatda beýanyny tapdy.

Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm maksatnamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär, öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirmäge taýýardygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen, energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, Aral meselesiniň täsirlerini ýeňip geçmek ýaly ugurlarda umumy tagallalaryň jemlenilmegine ýardam bermäge gönükdirilen başlangyçlary halkara jemgyýetçiligiň doly goldawyna eýe boldy, bu bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidildi.

Dünýäde tebigy gazyň örän iri gorlaryna eýe bolan Türkmenistan Ýer ýüzüniň energetika serişdelerine elýeterliligiň adalatly we deňhukukly bolmagynyň tarapdary hökmünde yzygiderli çykyş edýär. Bu maksada ýetmegiň ýollarynyň biri gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutýan energetika akymlarynyň ygtybarly we durnukly ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly forum we Halkara Energetika Hartiýasynyň maslahatynyň 28-nji mejlisi bu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze halkara hukuk binýadynyň döredilmegine bagyşlandy. Bu çäreler 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bu halkara gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirildi.

Türkmenistan ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine kybap gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, olaryň üstüni ýetirmek boýunça degişli çäreleri görýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ulag gatnawlarynyň toplumlaýyn, utgaşykly ulgamyny döretmek babatdaky iri halkara taslamalary şu maksatlara gönükdirilendir.

Soňky wagtda Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary we Ýakyn Gündogar döwletleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdi. Ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraply gatnaşygy netijeli ösdürilýär. Munuň şeýledigine bilim, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýet, suw serişdelerini dolandyrmak, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, adam hukuklaryny üpjün etmek ulgamlarynda eýýäm amala aşyrylýan hem-de durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Aşgabatda açylan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasyna ähmiýetli orun berilýär. Ol hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine has anyk we netijeli häsiýet ýardam berýär.

Ýurdumyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyga däp boýunça aýratyn üns berýär. Bu gurama bilen gatnaşyklar uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, yzygiderli esasda alnyp barylýar. Soňky birnäçe ýylda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda energetika howpsuzlygy, ekstremizme garşy göreşmek, internetiň terrorçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagyna garşy hereket etmek, howpsuzlygy üpjün etmekde we ösüş işlerinde zenanlaryň eýeleýän orny ýaly möhüm meseleler hem-de beýlekiler boýunça birnäçe halkara çäreleri gurady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasy ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň biri-de, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary hoşniýetli erkiň, taryhy taýdan däbe öwrülen dostlugyň, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmagyň esasynda, deňhukukly açyk gatnaşyklar hem-de özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guramakdan ybaratdyr.

Aşgabat GDA-nyň möhüm duşuşyklaryny we maslahatlaryny, şol sanda döwlet hem-de Hökümet Baştutanlarynyň geňeşleriniň mejlislerini ençeme gezek kabul etdi. 2012-nji we 2019-njy ýyllarda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlygy bolmak bilen, bu wajyp wezipäni ýerine ýetirmäge örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşip, görkezip, ençeme möhüm ulgamlarda netijeli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň umumy ykdysady we ynsanperwer giňişligini döretmäge uly tagallalar gönükdirilýär. Bu guramada Türkmenistan şu ýyl başlyklygy kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mart aýynyň başynda sanly ulgam arkaly geçirilen YHG-nyň XIV sammitinde çykyş edip, ýurdumyzyň YHG-nyň işine sebiti netijeli ösdürmegiň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny, onda gurama agza döwletleriň ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin geljegi uly mümkinçiligi görýändigini nygtady. “Şunuň bilen birlikde, biz döwletleriňdir halklaryň abadançylygy hem-de gülläp ösmegi, sebitde parahatçylyk we öňe gitmek üçin YHG-nyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagy öz umumy wezipelerimiz hasaplaýarys. YHG-nyň başlygy hökmünde Türkmenistan şu maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalary eder” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Örän baý tebigy serişdelere, ägirt uly ylmy-tehniki we işgärler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde uly öňegidişlikleri gazandy. Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyz milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen we sanly ulgam arkaly ösdürmek babatda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýär. Hususy işewürligiň giňden goldanylmagy, amatly maýa goýum ýagdaýy döwletimiziň daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň ösdürilmegine, dünýäniň esasy kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Şu babatda Aşgabatda yzygiderli geçirilýän işewürlik maslahatlary nusga alarlykdyr. Şolar ýurdumyzyň innowasion ösüş ýoly boýunça gazanan uly üstünliklerini hem-de türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletleýin özara bähbitli gatnaşyklara gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy tejribesini we işläp taýýarlamalaryny görkezmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, pudaklaýyn ministrlikleri hem-de dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralýan şunuň ýaly ýöriteleşdirilen gözden geçirişler tejribe alyşmak, maýa goýumlary we täze tehnologiýalary çekmek, ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek, göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan hem gyzyklanma döredýär.

Paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT) atly halkara sergi we maslahat, Senagat önümleriniň, enjamlaryň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi, Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel” halkara sergisi, “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergi hem-de beýlekiler däbe öwrülen abraýly pikir alyşmalar meýdançasyna öwrüldi.

Şöhratly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda Aşgabatda dünýäde parahatçylygydyr ynanyşmagy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak maksatlarynda köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlanylan ýokary derejeli halkara maslahaty guramak meýilleşdirilýär, şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti, daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda beýleki halkara maslahatlar geçiriler.

Umuman, bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de döredijilik mazmunyny aýdyň häsiýetlendirýär. 140 ýyllygyny belleýän paýtagtymyz Aşgabadyň halkara jemgyýetçiligiň ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, durnuklylygy hem-de rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygyna buýsanmaga haklydyrys.