HALKARA SURAT BÄSLEŞIGI: ÖZ BAGTLY ÇAGALYGY BARADA 15 ÝURDUŇ ÇAGALARY GÜRRÜŇ BERDILER

1-nji iýunda Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynyň gapylary «Bagtly çagalyk» atly çagalaryň çeken suratlarynyň Halkara bäsleşigi üçin myhmansöýerlik bilen açyldy. Bu Çagalary goramagyň halkara gününde iň ýalkymly wakalaryň biri boldy. On bäş sany ýakyn we uzak ýurtlaryň çagalary bäsleşige tutuş galereýany dolduryp, sergä gelenleri mähir, ýylylyk, aladasyz we bagtly çagalyk howasy bilen gurşap alan 1735 suraty iberipdirler. Sergä goýlan suratlaryň 372-siniň awtorlary türkmen çagalarydyr.

Köp ýyllaryň dowamynda zehinli türkmen çagalarynyň çeken suratlary beýleki gatnaşyjylary türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessury we aňyýeti bilen tanyşdyrmaga çalşyp, birnäçe ýurtda Halkara bäsleşiklere gatnaşdy. Türkmen çagalarynyň arasyndan çykan ýeňijilere poçta arkaly iberilen sylaglar, hormat hatlary we sertifikatlar ýurdumyzyň sungat mekdepleriniň köpüsinde saklanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň ösüp barýan suratkeşleri şu ýyldan başlap, beýleki ýurtlarda boljak bäsleşige diňe bir iň gowy işlerini ibermek bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtdan bäsleşige teklip edilýän işleri öz ýurdumyzda kabul etmek mümkinçiligini-de eýe boldular. Aýratyn-da, onlaýn düzgüniniň ýola goýulmagy bilen, bäsleşige gatnaşýanlar hem iberilen suratlar bilen, hem-de olaryň awtorlary bilen tanyşdylar. Uly ekranda Eýrandan, Hindistandan, Ýaponiýadan, Iordaniýadan, Koreýadan, Ermenistandan, Belorusiýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan çagalar çykyş etdiler.

Eminleriň netijesi boýunça, Russiýaly we Özbegistanly çagalar özlerini örän oňat görkezdiler. Döredijilik bäsleşiginiň eýeleri-de zehinleri bilen saýlandylar, Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary aýratyn tapawutlandylar.

Bu mekdebiň okuwçylary Gülkamar Hallyýewa, Wiktoriýa Kasymowa, Jennet Mämmedowa we Ogulnur Rejepowa «AA» üçin söhbetdeşlikde belleýişleri ýaly, Halkara bäsleşik olaryň daşary ýurt haklarynyň medeni däpleri, täze başlaýan suratkeşleriň galama erk ediş ussatlygy baradaky düşünjelerini giňeldipdir, olar bilen dostlaşmak we dünýämizi parlak reňkler bilen bezäp bilelikde döretmek islegini döredipdir.