GÖK ÇAÝ – TÜRKMENLERIŇ ILKI HEZZETI

Gök çaýyň dürli hili görnüşlerinden hersiniň özboluşly tagamy we peýdaly taraplary bolýar. Geçirilýän barlaglaryň netijesinde, çaýyň düzüminde adam bedenini düwnük kesellerinden, aýratyn-da deri, aşgazan. öýken we süýt mäzi düwnüginden goraýan maddalaryň bardygy anyklanyldy.
Aziýada çaýszy tagam iýilmeýär, onuň üçin diňe gök çaý ulanylýar. Lukmanlaryň aýtmagyan görä, bu içgi iýmit siňdirişini kadalaşdyrýar, bedenden artykmaç duz galyndylaryny çykarýar, gök çaýyň peýdaly antioksidantlary deriniň garramagynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Türkemnistanyň tebigat-howa şertlerinde çaý ýerli ilat üçin dostdana söhbetdeşlige delil bolmaga ýardam edýär.
Türkmenler Biirnji we Ikinji jahan uruşlarynyň frontlarynda-da çaýsyz oňmandyrlar. Mysal üçin, Atly teke polkunyň çapyksuwarlaryna watanyndan gök çaýly gülebentler gelipdir. Ine, bu 1916-njy ýylyň fewralynda Hanymlar komiteitniň adyna frontdan gelen hatlaryň biri: «Türkmen atly polky polka iberlen sahy sowgatlar üçin minnetdarlyk bildirýär». Sowgat 32 kilogram çaý we 30 kilogram şekerden ybarat bolupdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Çaý – melhem hem ylham» atly kitabyny çaýa we onuň peýdaly häsiýetlerine bagyşlapdyr. Iş ýüzünde türkmenleriň durmuşynda çaýyň aýratyn orun eýeleýändigi barada doly maglumatlar bar.