MAGTYMGULYNYŇ HALY PORTRETI

Türkmenistanyň nakgaşlar birleşiginiň agzasy Ogulbaýram Kulyýewa ýurdumyzyň çäginden daşarda-da tanalýar. Ol Serdar şäherinde köp çagaly maşgalada dünýä inýär. Çagalykdan keşde çekmäge we dürli haly önümlerini dokamaga, goşgy ýazmaga başarnygy bilen deň-duşlaryndan tapawutlanýardy. Ol Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine okuwa girende-de, göwün beren kärini goýmady. Onuň elinden çykan keşdelerdir haly önümleri şol wagtky talyplaryň arasynda geçirilýän sergilerde goýlardy.
Ogulbaýram türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň portretini halyçylykda baş işi haspalaýar. Ol çagalykdan söýgüli şahyrynyň goşgulary ýat tutupdy. Irde-giçde beýik şahyryň keşbini hala salmagy arzuw edipdi.
1983-nji ýylda Ogulbaýram arzuwyny wysal etmek üçin şol döwürler Türkmenistanyň nakgaşlar birşeiginiň çeperçilik bölüminiň ýolbaşçysy Aşyr Ataýewe ýüz tutdy. Ol kömek etmäge söz berip, haly nakgaşy Juma Rejebowa ýüz tutmagy maslahat berdi. Ogulbaýram halyçy hökmüne ilkinji bolup Magtymguly Pyragynyň portretini döretjekdigine begenýärdi.
Uzaga çeken döredijilik gözleglerinden soň Juma Rejebow boýy 1 metr 40 sm, ini 90 sm halynyň eskizini taýýarlady. Ol Ogulbaýrama halyda şahyryň keşbini bermek üçin ýüplükleriň 38-e golaý görnüşini saýlamalydygyny aýtdy.
Soňra täze hem-de çagalykdan tanyş döredijilik başlandy. Ol beýik şahyryň haýsy goşgusyny almalydygy barada maslahatlaşmak üçin şol döwrüň tanymal terjimeçisi Wadim Sergeýewe ýüz tutdy. Geljekki portretde şahyr goşgy ýazyp oturan şekilde beýan edilýärdi. Wadim Sergeýew diňe bir goşgy saýlamaga kömek etmän, eýsem onuň meşhur “Daň atmazdan burun” goşgusyny arap elipbisine-de geçiripdi.
Ogulbaýram iň gowy ýüplükleri saýlady, ol şahyryň keşbini ozaldan gelýän gölleriň arasynda ýerleşdirmek isleýärdi. Ol Magtymguly Pyragynyň egnindäki eşigine aýratyn üns beripdi. Köpýyllyk tejribesini we zehinini sarp edip, beýik şahyryň donunyň keşdesini-de takyk bermegi başardy.
Alty aýa çeken yhlasly işden soň täze haly kemala geldi. Ol türkmen halkynyň gadymy halyçylyk sungatynda üýtgeşik ýagdaýdy.
Uzak garaşdyran gün geldi. Ogulbaýram Magtymguly Pyragynyň portretini Türkmenistanyň nakgaşlar birşeiginiň sergi zalyna getirdi. Bu ýere gelenleriň ählisi oňa maýyl bolupdylar. 1947-nji ýylda şahyryň nusgawy portretini döreden Türkmenistanyň halk nakgaşy Aýhan Hajyýew halyny gowy görüp, onuň awtoryny gyzgyn gutlady. Şeýdibem bu haly bir ýarym ýyl sergä gelenleriň göwnüni galkyndyrdy.
Ondan bäri kyry ýyla golaý wagt geçdi. Magtymguly Pyragynyň haly portreti Ogulbaýram Kulyýewanyň öýünde aýawly saklanylýar. Bu özboluşly işe syn etmek isleýänleriň sany barha artýar. Ol beýik şahyryň haly portretini ilkinji bolup döredenine we onuňam beýik şahyryň döredijiligi ýaly isleglidigine buýsanýar.