TEBIGY GÖZELLIKLERIŇ MESGENI

Şanly ösüşleri, taryhy ähmiýetli özgerişleri başdan geçirýän Türkmenistan Diýarymyzyň her bir sebitiniň göreni haýran galdyrýan, özüne mahsus özboluşly tebigat gözellikleri bar. Ata Watanymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlygy, ajaýyplygy bilen tapawutlanýan şeýle jenneti künjekleriň biri-de Balkan welaýatynyň «Hazar» döwlet tebigy goraghanasydyr. Onuň alyslara ýaýylyp ýatan çäginiň umumy tutýan meýdany 268 müň gektara golaýdyr.

Goraghananyň iň uly bölegi bolan «Hazar» meýdançasy ýalpak suwly Türkmenbaşy, Balkan, Mihaýlowsk we Demirgazyk Çeleken ýaly aýlaglary, olaryň daşyny gurşap alan gorag zolaklary öz içine alýar. Meýdançanyň 72 göterimine barabar ýerini suw akwatoriýalary eýeleýär.

Bu aýlaglardaky suw otlaryň baý gorlary migrasiýa wagtynda dynç alyp geçýän we gyşlamaga galýan sakarbaraklar, almabaş, gyzylbaş, garamtyl ördek ýaly ot iýýän guşlaryň müňlerçesiniň iýmitlenmegini üpjün edýär. Goraghananyň ikinji bölegi hasaplanýan Esenguly meýdançasy «Hazar» meýdançasyndan 300 kilometre golaý daşlykda ýerleşýär. Öz döwründe ol ýerde Etrek derýasynyň suwunyň deňze gelip goşulýan ýerlerinde birgiden gamyş tokaýlyklary emele gelipdir. Munuň özi, dürli guşlaryň köp sanlysynyň höwürtgeläp, köpelmeklerine ýardam berýär.

Goraghanada ösümlikleriň jemi 416-synyň, kömelekleriň hem birnäçe görnüşiniň duş gelýänr. Şolardan sekizisi seýrek duş gelýän ösümlikler hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl Kitabynyň üçünji neşiriniň sanawyna girizilendir. Şeýle-de goraghanada guşlaryň 300-den gowrak, balyklaryň 61, süýdemdirijileriň 46, süýrenjileriň 39 görnüşi hasaba alnypdyr. Bu ýerde duş gelýän mör-möjekleriň dört görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilendir. Şonuň ýaly-da degişli suw giňişliginde Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilen «Hazar» ýylan sypat balygy, bekre, azatmahy, ak azatmahy balyklary duş gelýär. 

Gürrüňi edilýän goraghananyň we onuň düzümindäki Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň öňünde durýan esasy maksatlaryň biri demirgazyk ýurtlardan gyşlamaga gelýän we güýz, ýaz aýlarynda migrasiýa wagtynda dynç almaga gelýän guşlary ylmy taýdan öwrenmekden hem-de olary gorap saklamakdan ybaratdyr. Guşlaryň dürli görnüşleri Hazaryň türkmen kenarynyň suwlaryna süri-süri bolup uçup gelýärler. Ir göçüp gelen guşlar bolsa biraz dynç alyp, güýç-kuwwata gelensoňlar, günorta ýurtlara tarap ýollaryny dowam etdirýärler. Giç gelýän guşlaram gyşlamaga galýarlar.

Gyşlamak möwsümi noýabr aýyndan fewral aýyna çenli dowam edýär. Şeýlelikde guşlar bu döwürde goraghananyň ýyly, ýumşak klimatyndan, bol iýmit gorlaryndan peýdalanýarlar. Suwda ýüzýän we batgalyk guşlaryň gyşlamagy üçin Hazaryň türkmen kenar ýakasynyň döwletara ähmiýetiniň uludygy hem dünýä ýüzünde ykrar edilendir. Şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl Kitabynyň sanawyna girizilen guşlaryň 70 göteriminden gowragynyň şu goraghanada duş gelýändigi bellenilmäge mynasypdyr.

Galyberse-de, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň görnüş düzümleri, olaryň biologiki, ekologiki häsiýetli aýratynlyklary goraghananyň ylmy bölüminiň işgärleriniň uzak ýyllaryň dowamynda geçiren barlag işleri arkaly ýüze çykaryldy. Şol barlaglaryň netijesinde uly gyzyklanma döredýän ylmy makalalaryň ýüzlerçesi çap edildi hem-de «Tebigat» ýyl ýazgysynyň onlarça kitaby taýýarlanyldy.

«Hazar» döwlet tebigy goraghanasynyň «Tebigat» muzeýi hem iň bir gelim-gidimli ýerleriň biridir. Muzeýiň döwrebap bezegi, onuň täsinligi, guşlaryň we ýabany haýwanlaryň iňňän ussatlyk bilen ýasalan gäpleri, esbaplaryň ýerleşdirilişiniň ýabany-tebigy şertlere juda meňzeşligi görenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şeýle-de ýaşyna garamazdan ähli adamlarda tebigata bolan çäksiz söýgini döredýär.

Goraghananyň diwany we onuň agzybir hünärmenleri tebigat baýlyklaryny adatdan daşary ýagdaýlardan gorap saklamak babatda-da iň bir zerur, derwaýys çäreleri irginsiz amala aşyrýarlar. Häzirki wagtda goraghana türkmen tebigatynyň ajaýyplyklarynyň nusgalyk göreldesi, aýrylmaz bölegi bolup durýar. Mukaddes tebigaty goramak we onuň seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan görnüşlerine möhüm üns bermek, janly-jandarlara aýawly göz bilen garamak, geljekki nesillere ýetirmek hem goraghananyň işgärleriniň baş wezipesi bolup durýar.