MARTIROS SARÝAN: TÜRKMENISTAN MAŇA GÜÝÇLI TÄSIR ETDI

Martiros Sarýan 1880-nji ýylda Nahiçewanda uly maşgalada dünýä inýär. Onuň 6 erkek dogany we 3 uýasy bolupdyr. Çagalygy obada geçýär, bu ýerde olaryň kiçeňräk mellegi bar ekeni. Baryp şol döwür oba manzarlary: ho-ol alys bir ýerde daga siňip gidýän tükeniksiz meýdan, obada şol döwrüň esasy ýük ulagy bolan gara mallar oglanjygy özüne maýyl edipdir. Onuň çagalyk täsirleri ömürboýy ýadynda galypdyr, olar mydama kendirde beýanyny tapypdyr.

Şäher ermeni-rus mekdebini tamamlan 17 ýaşly Sarýan gazet-žurnallary paýlaýan kiçeňräk poçta edarasynda işe durýar. Işden boş wagty markalardaky we žurnallardaky suratlary çekýär. Onuň suratlaryny gören agasy Martirosda žiwopisçi zehiniň uludygyny, mundan ýetginjegiň özüniňem bihabardygyny aňýar. Agasy suratlary nakgaş dostuna görkezýär, olam Martirosy Moskwanyň žiwopis, heýketaraşlyk we binagärlik uçilişşesine giriş synaglaryna taýýarlaýar.

Uçilişşede oňa Walentin Serow bilen Konstantin Korowinden sapak almak miýesser edýär, olar öz döredijiliginde realizmdir simwolizme eýerseler-de, impressionizmem gowy görüpdirler. Sarýanyň döredijilik tilsimi rus simwolistleriniň we fransuz impressionistleriniň täsirleri bilen kemala gelýär.

Sarýan öz suratlaryny ilkinji gezek ýaş nakgaşlaryň 1907-nji ýylda Moskwada «Mawy bägül» sergisinde görkezýär. Oňa her kim bir hili baha berýär. Sarýanyň mynasyp baha berilmedik döredijiligi kem-kemden ykrar edilip ugraýar, soňy bilen şöhrat gazanýar.

1926 – 1928-nji ýyllarda Sarýan Parižde işleýär. Bu Pol Gogeniň we Anri Matissiň täsiri bilen kemala gelen döredijiliginiň üçünji mekdebidi. Ol duýgulara täsir edýän durmuşa umytly manzarlaryň we özboluşly natýurmortlaryň ussady bolup ýetişýär.

1934-nji ýylda Sarýany moskwaly nakgaşlaryň bir topary bilen Türkmenistana döredijilik saparyna ugradýarlar. Aýalyna ýazan hatlarynda Martiros Sergeýewiç biziň ilimizden galan täsirleri beýan edipdir.

Ol hatlarynyň birinde Aşgabat hakda şeýle ýazypdyr: «Jaýlaryň ählisi howluda, gowy bagly, bir gatly, köçeleriniň köpüsine daş düşelen, ýanýodalar asfaltlanan, gyrasyna daragt ekilen...».

Türkmenistanyň halky hakda: «Türkmenler we olaryň zenanlary juda owadan... Erkekleri äpet gara telpek geýýärler, olardan güýçli täsir galýar» – diýýär.

Aýalyna beýleki bir hatynda: «Türkmenistan maňa güýçli täsir etdi, men bu üýtgeşik ýurtdan köp zat aldym, ýöne eden işiňi güýçli, ýokary ussatlykly etmeli» – diýip ýazypdyr.

Türkmenistana sapary ajaýyp ermeni nakgaşyny ruhlandyrýar, öz gözi bilen Gündogary görmäge, türkmen halkynyň özboluşly durmuşyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Ol ýurdumyza dört suratyny: «Bagyr», «Bagyrda kelem ýygymy», «Bagyrda üzüm ýygymy», «Änew» ýaly işlerini peşgeş berýär. Häzir bu işler Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hemişelik ekspozisiýada saklanylýar.

– Sarýana tebigata çykyp surat çekmek teklip edilende, ol Bagyryň etegini saýlapdyr – diýip, muzeýiň ylmy işgäri Nurýagdy Babaýew gürrüň berýär. – Bagyr oňa daglyk Ermenistany ýatladypdyr. Aslynda dag temasy Sarýanyň döredijiliginde birinji orunda durýar. Onuň manzarlarynyň aglabasynda dag bar.

Sarýanyň suratlarynyň ýene bir aýratynlygy –olarda adamlaryň azlygydyr, sebäbi ol tebigaty bar zatdan, hat-da adamdanam ýokarda goýýardy.

Sarýana mahsus bu häsiýetler türkmenistanlylara peşgeş eden suratlarynda-da az-kem ýa-da doly gabat gelýär. Ýiti gök-ýaşyl we gülgüne-mämişi reňk öwüşginlerinden ybarat tilsimi bu işlerde-de göze ilýär, ýöne sahawatly türkmen güneşi bilen ol biraz peseldilen.

«Änew» atly suratynyň çeperçilik ähmiýetinden daşgary taryhy gymmatlygy-da bar. Suratdaky orta asyrlar türkmen binagärliginiň ýadygärligi 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde weýran bolýar. Metjit saklanyp galan ak-gara fotosuratlar arkaly dikeldildi, çünki şol döwür reňkli surat ýokdy. Restawratorlar dikeldiş işlerinde Sarýanyň «Änew» atly suratyndaky reňkleri ulandylar.

Maritros Sarýanyň Ermenistndaky öý-muzewýinde ussadyň Türkmenistana bagyşlan işleriniň ýene 4-si bar. Olaryň biri – «Aşgabat. Kolhozda kartoşka ýygymy» atly suraty hemişelik sergide bolsa, beýleki üçüsi -- «Aşgabatdaky kolhozçylar howlusy», «Türkmen çagalary», «Aşgabadyň etegindäki türkmen obasynyň howlusy» işleri altyn gaznada saklanylýar.

Ukrainada Lwowyň şekillendiriş sungaty galareýasynda Sarýanyň «Aşgabadyň köçesi» atly suraty bar.

Sarýanyň biziň ilimize döredijilik sapary has netijeli bolupdyr. Nakgaş öz döredijiliginiň üstüni röwüşli Orta Aziýa täsirleri bilen ýetiripdir, netijede güneşli Türkmenistan barada gürrüň berýän manzarlar tapgyry peýda bolýar. Olaryň dördüsi ajaýyp žiwopsçiden türkmen halkyna sowgat galypdyr.

Häzir ermeni žiwopisçiniň bize gelen döwrüniň şaýatlary tapylmasa gerek, ýöne onuň eserlerinden we hatlaryndan Sarýanyň şahsyýetini göz öňüne getirip bileris. Ol zehinli, üýtgeşik, şadyýan, gaýry medeniýeti kabul edip bilýän uly ýürekli adamdy.