WATAN MUKADDESLIGI MUZEÝINDE DAŞARY ÝURT DILLERINDE AUDIOGIDLER BAR

photo

Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynyň Watan mukaddesligi muzeýinde hindi dilindäki audiogid işläp başlady. Ozal sesli gezelençler türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilýärdi.

2014-nji ýylda açylan Muzeý döwrebap multimedia enjamlary bilen üpjün edilen. Onuň zallarynda döwletimiziň kemala gelemginiň wajyp döwürlerine degişli maglumatlar görkezilýän sensor ekranlar we plazma paneller bilen enjamlaşdyrylan.

Taryhy wakalar bilen has çuňňur tanyşmak üçin esasy dört bölümden ybarat muzeýiň ekspozisiýalary barada daşary ýurt dilleriniň birnäçesinde gürrüň berýän portatiw audioenjamlar teklip edilýär. Enjamlardaky audioýazgylar böleklere bölünendir, bu bolsa gezelenji islendik tematki bölümden başlamaga mümkinçilik berýär, munuň üçin dolandyryjydan ony saýlaýmak galýar.

Wagtal-wagtal audiogezelençleriň sanawynyň üsti doldurylýar. Häzirki wagtda muzeýiň hünärmenleri türk dilinde audiogidi işe girizmäge taýýarlaýarlar.

Döwrebap enajmlaryň ornaşdyrylmagy muzeý işine oňyn täsir edýär. Bu ýere mekdep okuwçylarydyr ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini öwrenýän talyplary ýygy-ýygydan gelýärler. Çünki hut şu ýerde dürli eýýamlaryň tekjeleriniň arasynda Beýik Watançylyk urşy döwrüni beýan edýän fotosuratlary, sylaglary we başga-da ençeme zatlary görüp bolýar.

Şeýlelikde, döwrebap sanly tehnologiýalar bu ýere gelýänleriň her biri ekspozisiýalary öwrenende diňe bir görkezilýän zatlara syn etmän, eýsem olar bilen tanyşmakda taryha ser salmagyň has oňaýly usulyna öwrüldi.