Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary

2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Monako Knýazlygyna saparynyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy geçirildi.

Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Şazada Alber II-niň ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Alber II türkmen halkynyň Milli Liderini mübärekläp, Monako gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar.

Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sirk sungaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şazada Alber II iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwrüň talabyna hem-de dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygyny nygtadylar.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II belent mertebeli myhmany hem-de ýurdumyzyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, sapar bilen gelendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Alber II Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň Monakoda goldanylýandygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Alber II-ä Monako Knýazlygyna gelmäge çakylygy hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we hormat üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda 2015-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky kararyň kabul edilmegine on ýylyň dolýandygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, täze howplara garşy göreşmek ugrunda bilelikde işlemek babatda mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň dürli ýyllarda BMG-niň çäklerinde öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Monako Knýazlygyna minnetdarlyk bildirip, munuň ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýändigini nygtady.

Gepleşikleriň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Alber II-ni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu duşuşygyň birnäçe möhüm ugurlardaky özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda amatly pursat hasaplanýandygyny, şolaryň hatarynda daşky gurşawy goramak meselesini aýratyn belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Monakonyň “ýaşyl başlangyjy” durmuşa geçirip, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň ýolbaşçylygyndaky gaznanyň suw gurşawynda ummanlary we biodürlüligi goramak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň bütin dünýäde howanyň ýagdaýy boýunça gün tertibiniň şu we beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.

Medeni-ynsanperwer ulgamyna degip geçmek bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda hususy telekeçilikde, syýahatçylyk, maliýe babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de hyzmatdaşlyk we iş gatnaşyklary üçin usullary döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi älem giňişligidir. 10 ýyl mundan ozal Monako Knýazlygy «TürkmenÄlem52oE» türkmen emeli hemrasynyň kosmosa çykmagy üçin uçjak ugruny beripdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletiniň 2030-njy ýylda dolýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda Türkmenistanyň ikinji emeli hemrany döretmegiň üstünde işleýändigini aýtdy we ony älem giňişligine çykarmaga taýýarlamakda bilelikde işlemek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini nygtady. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu günler Monte-Karloda Halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň bu gatnaşyklary has-da ösdürmäge, şol täze ugurlar bilen giňeltmäge taýýardygy mälim edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sporty geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň  “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi bellärliklidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Alber II-niň sport hereketiniň we giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tarapdarydygyny, onuň tagallalary bilen Monako Knýazlygynyň 2025-nji ýylda “Dünýäniň sport paýtagty” diýen hormatly ada eýe bolandygyny nygtady hem-de bu möhüm ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin ýurtlarymyzda bar bolan mümkinçilikleri we tejribäni sporty ösdürmek babatda ulanmagy teklip etdi.

Şazada Alber II çuň manyly çykyşy hem-de öňe süren teklipleri üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallygyny beýan edip, hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ol ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de Monakonyň ony täze ugurlar boýunça ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, sowgatlary alyşmak dabarasy boldy.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Şazada Alber II resmi wekiliýetleriň agzalary bilen tanyşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň köşgüniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri bilen tanyşdyryldy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna muzeýiň düzümindäki akwariumyň  ýaşaýjylary barada gürrüň berildi.

Bellenilşi ýaly, muzeý ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşyp, deňiz biologiýasyny öwrenmek, deňiz gurşawyny goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Bu ýerde ýaş alymlar üçin ummanlaryň haýwanat we ösümlik dünýäsini içgin öwrenmäge gönükdirilen açyk umumy sapaklar, okuw maslahatlary, ussatlyk sapaklary yzygiderli geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri muzeýiň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Nissa şäheriniň Halkara howa menziline ugrady.

* * *

Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Monte-Karlodaky Halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny täze ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi, beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.

Birnäçe wagtdan soňra, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň KHBS-iň wekilleri bilen söhbetdeş boldy we Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň hem-de onuň dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.