Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professory Halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Dil-hoşniýetli
gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden 120 golaý professorlar we mugallymlar, şeýle hem 15-den gowrak daşary ýurtlaryň bilim edaralaryndan hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden 20 golaý hünärmenler gatnaşdylar.
ABŞ-nyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň, Ermenistanyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Diplomatiki akademiýalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň, mugallymlarynyň we hünärmenleriniň bu maslahata gatnaşandyklaryny aýratyn bellemek gerekdir.
Maslahatyň dowamynda daşary ýurt dillerini öwretmekligiň innowasion usullary, bilim bermegiň täze çemeleşmeleri, bilim beriş işine sanly tehnologiýalary, oýun usullaryny we emeli intellekti ornaşdymak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň jemleýji böleginde oňa gatnaşyjylar sorag-jogap arkaly bilim beriş işine agzalan usullaryň ornaşdyrylmagynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.