KHBS üçin habar

photo

Şu gün, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdmuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary başlaýar, ol ýerde Gahryman Arkadagymyz "Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum" atly her ýyl geçirilýän XVI Halkara Ykdysady Forumyň  işine gatnaşar.

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagyna ýurdumyz Russiýa Federasiýasy we Yslam dünýäsi bilen köpugurly gatnaşyklary saklamak,  syýasy, ykdysady, söwda, medeniýet we gumanitar ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan seredýär.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlyk bu prosessiň möhüm tarapy bolup durýar. Olaryň arasynda Tatarystan Respublikasy güýçli gor-senagat mümkinçilikleri, şeýle-de iki doganlyk halklaryň arasyndaky taryhy arabaglanyşyk sebäpli aýratyn orun eýeleýär.

Soňky wagtlarda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklara olary täze hilli derejä çykarýan goşmaça kuwwatly itergi berildi.

Ykdysadyýet, söwda we ulag pudaklarynda Tatarystanyň edara-kärhanalary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk netijeli ösýär. Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän senagatda geljekki ähmiýetli  mümkinçilikler açylýar. Bilim, ylym, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köptaraply we netijeli gatnaşyklar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategiki hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm bölegi bolup çykyş edýär.

Şonuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana bolan saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýanyň ýolbaşçylary, Russiýanyň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklarynyň meýilleşdirilýändigi kanunalaýykdyr.

Türkmenistanyň Kazan forumyna wekilçilikli gatnaşmagynyň her ýyl oňa gatnaşyjylaryň arasynda biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmany artdyrýandygyny, Türkmenistanyň Yslam dünýäsinde barha artýan abraýyna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işinde konstruktiw we döredijilikli ornunyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýändigini aýtmak gerek. Hususan-da, ýöriteleşdirilen düzümleriň – Yslam Ösüş Bankynyň we Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam guramasynyň işleriniň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlara we tekliplere berilýän ýokary baha munuň subutnamasydyr. Türkmenistan bu guramalarda işlemegiň uly we oňyn tejribesini hyzmatdaşlary bilen, şol sanda “KazanForum” forumynyň meýdançalarynda hem paýlaşmaga taýýar.

Forumyň çäklerinde her ýyl geçirilýän “Russiýa Halal Expo 2025” halal senagatynyň halkara sergisi geçirilýär. Hemişe bolşy ýaly, şu ýyl hem bu sergide Türkmenistanyň milli ekspozisiýasy köp görnüşliligi, bollugy bilen tapawutlanýar hem-de gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gyzyklanmasyny döredýär. Onda milli senagatyň we oba hojalygynyň dürli pudaklaryny görkezýän türkmen öndürijileriniň önümleriniň köp görnüşi görkezilýär. Bilermenleriň pikiriçe, türkmen önümleri iň ýokary hilli bolup, olar iň gowy dünýä standartlaryna laýyk gelýär. Soňky ýyllarda türkmen önümleriniň Russiýa eksportynyň durnukly ösüşi gazanylýar. Türkmen ekspozisiýasynyň Kazandaky üstünligi hyzmatdaşlygy giňeltmek we beýleki ýurtlar bilen hem işewürlik we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilikler açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kazana sapary, geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we çuňlaşdyrmak prosessinde möhüm waka bolar, şeýle hem ýurdumyzyň Yslam dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny ep-esli pugtalandyrar, birek-birege hormatly, konstruktiw we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri döreder.