Talyplar fizika boýunça V halkara olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan fizika boýunça V açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Olimpiada gatnaşmaga fizika bilen meşgullanýan hem-de bu dersi ýokary okuw mekdeplerde öwrenýän talyplaryň ählisi çagyrylýar.
Olimpiada mugallymçylyk institutynyň sanly ulgamynda 4-nji dekabrda şahsy bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Bäsleşigiň ýumuşlary ýerli wagt bilen sagat 11:00-da berler. Oňa gatnaşyjylar umumy fizikanyň mehanika, molekulýar fizika, elektrik we magnit hadysalar, optika bölümleri boýunça ýumuşlaryň 5-sini çözmeli bolarlar. Ýumuşlary çözmäge 150 minut wagt berilýär. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Olimpiadanyň eminleriniň düzümine Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-bilim merkezleriniň wekilleri girýärler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň netijeleri toplanylan utuklaryň jemi boýunça kesgitlenilýär. Olimpiadanyň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.
Olimpiada gatnaşmak isleýän ýokary okuw mekdepler iolymp-tspi@yandex.ru salgysyna 20-nji noýabra çenli gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallymlar barada mugallymçylyk institutynyň saýtynda ýerleşdirilen nusga laýyklykda maglumatlary ibermelidirler.
Goşmaça maglumatlar +99363100436; +99365215294 telefon belgiler hem-de iolymp-tspi@yandex.ru ; sh.bayekow-tm@yandex.ru elektron salgy boýunça elýeterlidir.
Olimpiadanyň geçirilmegi talyplaryň ylymlary öwrenmäge, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmak bilen fizika boýunça nazary we amaly wezipeleri çözmäge gyzyklanma döretmäge we ösdürmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, geljekki hünäri saýlamak üçin amatly şertleri döretmäge, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary hem-de ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir.