Türkmenistanyň DIM-de türkmen-eýran parlamentara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Dostlukly ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energiýa, ulag, söwda, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklarynyň möhümdigini bellediler. Bu ugurda parlamentara dostluk toparynyň üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ýakynda geçiriljek çärelere garaldy.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny mälim etdiler.