Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer meseleleriniň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemek girizildi.
Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler.
Türkmenistanyň we EYR-yň wekilleri söwda-ykdysady, ulag we logistika, gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlary we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini giňişleýin gözden geçirdiler, şeýle hem Hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler.
Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada aýtmak bilen, türkmen tarapy türkmen-eýran serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmek teklibini öňe sürdi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, duşuşyga gatnaşyjylar şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine konstruktiw dialogyň has-da pugtalanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Mejlisiniň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
***
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Abbas Aliabadiniň, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Mohsen Paknejadyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.