Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Çäkli düzümde geçirilen gepleşikleriň başynda dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparyny we onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma işjeň gatnaşandygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh geçen ýyl Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini belläp, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi we mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda, uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýtdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh Prezident Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň wekiliýet agzalaryny ýene bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Mongoliýanyň Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, şu duşuşygyň Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň güýzünde Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň barşynda geçirilen gepleşikleriň özboluşly dowamydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň giň toplumynyň girizilendigini hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol çekiljekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şu ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň derejesinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Bu maslahat «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly şygar bilen geçiriler diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Mongoliýany bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Bu ugurda Türkmenistanyň mongol tarapy bilen bir maksada gönükdirilen dialogyň dowam etdirilmegine bil baglaýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň şu ýylyň aprel aýynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» resmi taýdan goşulandygyny belledi hem-de türkmen tarapynyň Ulan-Batorda ýerleşýän bu merkez bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugrudygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda anyk özara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri görýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti medeni-ynsanperwer ulgamda hem bilelikde iş alyp barmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mundan başga-da, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň we 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edil şanyna şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forum geçiriler diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy bu dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh Prezident Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden ähli tekliplerini goldap, Mongoliýanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň arasynda gol çekiljek resminamalaryň möhüm ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, ulag gatnawlaryny hem-de logistikany ösdürmek maksady bilen, Awtomobil ulagy boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle hem oba hojalygy, weterinariýa hem-de maldarçylyk boýunça degişli komitetleriň döredilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Mongoliýanyň Baştutany özara söwda dolanyşygynyň hem-de harytlaryň görnüşleriniň artmagy bilen baglylykda, ýeňil senagat pudagynda taslamalary we maksatnamalary bilelikde durmuşa geçirmek hakynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamakda Mongoliýanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygy beýan edildi.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» goşulandygy üçin Türkmenistana tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 13 sany resminama gol çekildi.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa döwlet saparyny tamamlap, Ulan-Bator şäheriniň “Buýant-Uhaa” Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soň, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy.