Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaýyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlara döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm ähmiýet berilýändigini nygtaldy.
2025-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň we onuň çäklerindäki iň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle hem ýapon işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen anyk tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýetini bellemek bilen, özara gatnaşyklary ilerletmegiň möhüm guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň alyp barýan işine aýratyn üns çekildi.
Duşuşykda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň gidişi, şeýle hem gaz himiýasy we oba hojalygy pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.