Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

photo

2025-nji ýylyň 29-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň däp bolan türk-türkmen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dialog uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Halklarymyzyň dil, medeniýet, ruhy taýdan umumylygy döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýardam berýär.

Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli amala aşyrýan özara saparlary, pudaklaýyn edaralaryň arasyndaky maslahatlaşmalar we gepleşikler hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistan bilen Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.