Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlaryndaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlylyk tassyklanyldy.
Ministrler yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklaryň we gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň has hem çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.
Taraplar energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň sebit hem-de halkara ulag geçelgeleriniň esasy merkezi hökmünde strategiki orny nygtaldy.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň we özara söwdanyň möçberini artdyrmagyň ýollaryna garadylar, şeýle hem medeniýet, bilim, ylym we beýleki sosial ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler.