YHG-niň 17-nji Sammitiniň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşdy.
Işjeň häsiýetli söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşyldy.
Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamy ýaly sebit taslamalarynyň ähmiýetini nygtadylar.
Şol gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Soltan Ahmed Al Jaber bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň çäginde taraplar energrtika ulgamynda, husasan-da gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.