Türkmenistanly dzýudoçy gyz Gazagystanda ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynda bürünç medala mynasyp boldy

photo

15 ýaşly türkmen dzýudoçysy Käkilik Derýaýewa Almaty şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy. Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy bu üstünlige 5 ýurtdan gelen 25 türgeniň bäsleşen 48 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda ýetdi.

Käkilik Derýaýewa hormat münberine barýan ýolda dört ýeňiş gazandy. Ol birinji tutluşykda eýýäm 36-njy sekuntda Sarwinoz Abdusamadowany (Özbegistan) şeksiz ýeňdi, soňra ippon arkaly Hongorzul Ariunzorigden (Mongoliýa) üstün çykdy. Çärýek finalda bolsa K.Derýaýewa Nargiza Dustmamatowadan (Özbegistan) ýeňildi, şondan soň teselli ýaryşynda Zarnigor Ulaşowadan (Özbegistan) ipponda üstün çykdy we bürünç medal ugrundaky göreşde Zlata Şwaýgerti (Gazagystan) ýeňdi.

Şu agram derejesinde ýene bir bürünç medal özbek dzýudoçysy Nargiza Dustmamatowa ýetdi. Kümüş medaly Asel Ruslanowa (Gazagystan) gazandy. Aziýa Kubogynyň ýeňijisi bolsa Gülmira Holmurzaýewa (Özbegistan) boldy.

Bu, zehinli ýaş türkmen dzýudoçysynyň halkara ýaryşda gazanan ilkinji üstünligidir. Käkilik Derýaýewa dzýudo bilen 2019-njy ýyldan bäri meşgullanýar. Ol sportuň bu olimpiýa görnüşiniň esaslaryny Batyr Annaýewden öwrenip başlapdy. Häzirki wagtda bolsa Gülbadam Babamyradowanyň we Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygynda tälim alýar.

Almaty şäherinde ýetginjekleriň arasynda dzýudo boýunça geçirilýän Aziýa Kubogyna 11 ýurtdan: Azerbaýjandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Liwandan, Mongoliýadan, Russiýadan (IJF baýdagy astynda çykyş edýär), ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 788 türgen gatnaşdy. Biziň milli ýygyndy toparymyz bu ýaryşa 31 dzýudoçy bilen gatnaşýar.