Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda duşuşyk

photo

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gaznanyň we Belarusyň degişli guramalarynyň arasynda çagalaryň saglygyny goramak hem-de goldamak ugrundaky hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Belarusuň Çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Lýudmila Kondraşowanyň Wise-prezidente iberen minnetdarlyk hatyny, şeýle hem çagalar üçin ýörite döredilen ösüş toplumyny gowşurdy.

O.Atabaýewa Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna gowşurylan minnetdarlyk haty we çagalar üçin sowgat babatynda hoşallygyny bildirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.