Bagtyýar çagalaryň «Gara altyndaky» şatlyk-şowhuny Hazaryň kenaryna ýaň salýar

Şu günler Hazar deňziniň kenaryndaky dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan bagtyýar çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Bu ýerde olaryň göwnejaý dynç almaklary üçin netijeli işler durmuşa geçirilip, gyzykly çärelerdir dabaralar egsilmez joşguna, aýratyn ähmiýete beslenýär.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň golaýynda Hazaryň deňiz kenaryndaky «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynyň düzümine girýän edaralardyr kärhanalarda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň çagalary wagtlaryny hoş geçirýärler. Ýeri gelende aýtsak, deňziň jana melhem howaly ajaýyp kenaryna özboluşly görk berýän merkezde tomusky dynç alyş möwsüminde dört tapgyrda çagalaryň 1600-sy lezzetli dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler.
Ajaýyp merkezde geçirilýän medeni-sport çäreleri çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara, şanly wakalara baý bolýar. Bu ýerde guralýan gyzykly çärelere gatnaşýan çagalar Watanymyzy, sözüň doly manysynda, bagtyýar çagalygyň ýurduna, ähli ýagşy arzuw-islegleriň hasyl bolýan jenneti mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan egsilmez alkyş sözlerini aýdýarlar, çäksiz hoşallyklaryny bildirýärler. Täsirli, şowhunly dabaralaryň dowamynda körpelerden düzülen döredijilik toparlarynyň şowly çykyşlaram goja Hazaryň kenaryna özboluşly owaz bolup dolýar. Bulardan başga-da, çagalar hereket edýän okuw gurnaklaryna höwesli gatnaşýarlar. Şeýle-de dürli çärelerde goşgulary labyzly okamak, aýdym aýtmak, saz çalmak, tans etmek, sahnalarda çeper keşpleri janlandyrmak boýunça özara bäsleşýärler. Şeýlelikde, ruhubelent çagalar özleri üçin döredilen ýakymly mümkinçilikleriň, eşretleriň hözirini görüp, birgiden hezillikleri başdan geçirýärler.
Döwrebap merkezde ösen enjamlar ornaşdyrylan gulluk, hojalyk, aşhana, okalga, dynç alyş we kompýuter otaglary, sport meýdançalaram bar. Aýdym-sazly dabaralary, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin hemmetaraplaýyn döwrebap amatlyklary bolan merkezlerem göwnüňi göterýär. Şeýle-de bu ýerde guralýan çärelerde çagalaryň ýerine ýetirýän gyzykly çykyşlary olara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen alkyşlanylýar.
– Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar çagalaryň sagdyn, ruhubelent ösüp-ulalmaklary, okamaklary, dynç almaklary we ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri üçin nusgalyk derejedäki şertleri döredip bermekleri diňe bir ösüp gelýän ýaş neslimiziň däl, eýsem, il-ulsumyzyň kalbynda hem guwanç, buýsanç duýgularyny has-da artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne röwşenlik nuruny çaýýan «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi oňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap, biz ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde baý mazmunly çäreleri, wagyz-ündew işlerini yzygiderli geçirip durýarys – diýip, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri Akbibi Abalakowa biziň bilen eden gürrüňinde aýtdy.