BMG-niň maslahatynyň myhmanlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelip başladylar

Türkmen halkyna mahsus bolan mähir we myhmansöýerlik bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy 4–8-nji awgust aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ilkinji myhmanlaryny garşylaýar.
Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelen wekilleriň amatlylygy üçin olary garşy alyp, ýerleşdirmek maksady bilen häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän myhmanhanalarda ähli şertler döredildi.
Maslahatyň geçirilýän günlerinde gatnaşyjylaryň amatly hereket etmeklerini üpjün etmek üçin ýörite ýolagçy awtobuslary hyzmat eder. Olaryň daşky görnüşi we dizaýny halkara forumyň ruhuna laýyk gelýär we ýetip gelýän wakanyň taryhy ähmiýetini görkezýär.
Maslahatyň resmi açylyşyna çenli myhmanlar Hazar deňziniň kenaryndaky bu dynç alyş zolagynda Türkmenistanyň medeni mirasy, däp-dessurlary we adatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Maksatnamanyň çäginde tanyşdyryş sergilerine we belli sungat işgärleriniň konsertlerine gatnaşmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistan, hususan-da, Awaza giň gerimli forumlary geçirmegiň uly tejribesine eýedir. Muňa mysal hökmünde 2022-nji ýylda bu ýerde BMG-niň howandarlygynda ýurduň hökümeti tarapyndan guralan «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» atly halkara ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatyň geçirilmegini belläp geçmek bolar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň iş maksatnamasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça meseleleri öz içine alar.