Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine BMG bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda geçirilýän halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň on ýyldan bir gezek geçirilýän bu möhüm çärä gatnaşmagynyň bu ýurtlaryň durnukly ösüşi babatda alnyp barylýan işe uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýändigi aýdyldy.

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, onuň ýokary guramaçylyk derejesini belledi hem-de şeýle möhüm çäräniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.

Söhbetdeşler deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Amala aşyrylýan özara saparlar, ýokary derejede geçirilýän gepleşikler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geňeşmeler munuň aýdyň güwäsidir.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ermeni döwletara dialogynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga hem-de eksport-import harytlarynyň görnüşlerini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler hem-de ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikde işlemek, tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.