Söwda ulgamy — durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji

Şu gün “Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde söwdanyň özgerýän kuwwatyndan peýdalanmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde sebitleýin ýakynlaşmak meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. BMG-niň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guralan duşuşyga birnäçe ýurtlaryň Hökümetleriniň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň we ugurdaş institutlaryň wekilleri, şeýle hem bilermenler gatnaşdylar. Munuň özi ählumumy ykdysadyýetiň häzirki şertlerinde şeýle ýurtlaryň öňünde durýan möhüm wezipelere hem-de mümkinçiliklere hemmetaraplaýyn garamaga şert döretdi.
Ara alnyp maslahatlaşmalaryň esasy maksady söwda mümkinçiliklerini giňeltmäge, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, infrastrukturany gowulandyrmaga we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýalarydyr maslahatlary işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, iň täze tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga, döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Dünýä bazarlarynda özara bähbitli, açyk, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmagyň, sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň möhüm şerti hökmünde harytlaryň we hyzmatlaryň ýokary hil standartlaryna laýyk gelmegine uly üns berilýär.
Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde, dünýä ýurtlarynyň kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynda «işjeň synçy» derejesiniň bolmagy ýurtda önümçilik düzümlerini ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň ýakynlaşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň söwda ulgamyny has-da kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply harytlary dünýä bazarlarynda ilerletmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmegiň, döwrebap özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň netijesinde, Türkmenistan dünýä bazarynda barha ähmiýetli orny eýeleýär. Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän sergiler, forumlar döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin möhüm ähmiýetli meýdança bolup hyzmat edýär.
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösüşi bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, bilermenler ählumumylaşmagyň we sanlylaşdyrmagyň häzirki tapgyrynyň derwaýys meseleleri çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny bellediler. Hususan-da, gümrük işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, elektron söwda platformalarynyň ösdürilmegi we innowasion logistiki çözgütleriň kabul edilmegi söwda amallaryny ep-esli ýeňilleşdirmäge hem-de daşary ykdysady işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ukyplydyr.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin netijeli gural hökmünde sebitde ýakynlaşmagyň orny ara alnyp maslahatlaşmalaryň möhüm meseleleriniň biri boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar goňşy döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň, özara baglanyşykly ulag we söwda geçelgeleriniň döredilmeginiň, şeýle hem kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sazlaşdyrylmagynyň üstaşyr bökdençlikleri azaltmaga we logistiki ulgamlary kämilleşdirmäge ýardam etjekdigini nygtadylar.
Sebitde ýakynlaşmak prosesi eksport harytlarynyň diwersifikasiýasy, harytlary ýerlemegiň bazarlaryny giňeltmek hem-de maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Mundan başga-da, ol syýasy dialogy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär. Munuň özi bu ýurtlarda durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar köptaraply söwda ulgamy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratynlyklaryny we isleglerini nazara almak bilen, halkara söwda kadalaryny uýgunlaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG), söwda ulgamyny gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri we başlangyçlary durmuşa geçirmekde goldaw berip biljek sebitleýin söwda birleşikleri we beýleki halkara institutlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ara alnyp maslahatlaşmalaryň möhüm meseleleriniň biri boldy.
Üstaşyr ýurtlar, halkara maliýe institutlary, şeýle hem ösüş boýunça guramalar bilen durnukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kemala getirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwdasynyň ösdürilmeginiň, köp babatda, üstaşyr geçirmek boýunça hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklara gönüden-göni baglydygyny bellediler. Ulag infrastrukturasyny ösdürmek, logistiki tehnologiýalary ornaşdyrmak we üstaşyr çäreleri aňsatlaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar bökdençlikleri aradan aýyrmaga hem-de gatnawlaryň tizligini ýokarlandyrmaga ukyplydyr.
Mundan başga-da, şeýle hyzmatdaşlyk maýa goýumlary çekmäge ýardam edýär, ykdysady ösüşi höweslendirýär, sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berýär. Infrastruktura we söwda başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin tehniki hem-de maliýe kömegini berýän halkara maliýe guramalaryny goldamak hem möhüm mesele bolup durýar.
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligiň barşynda söwdany giňeltmek babatda durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak meselelerine hem garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary we tejribeleri ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Olar ulag we söwda amallarynyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga mümkinçilik berer. Hususan-da, “ýaşyl” logistikany ösdürmegiň, ulag ulgamlarynyň energonetijeliligini ýokarlandyrmagyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle çemeleşme diňe bir tebigy serişdeleri aýawly saklamaga däl, eýsem, halkara ekologiýa standartlaryna hem-de durnukly ösüşiň talaplaryna laýyklykda, ýurtlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligiň ahyrynda söwdanyň kuwwatyndan peýdalanmaga, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin sebitde ýakynlaşmak işine toplumlaýyn, utgaşykly hem-de inklýuziw çemeleşmäniň wajypdygy tassyklanyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar işjeň tejribe alyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etmäge hem-de halkara başlangyçlaryň we maksatnamalaryň çäklerinde innowasion çözgütleri bilelikde işläp düzmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň netijeleri söwda we sebitleýin hyzmatdaşlyk ulgamynda täze mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam edýän geljekki hereketler we strategiýalar üçin esas bolup hyzmat eder.
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza şu duşuşygyň, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerinde geçirilýän köp sanly çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.