Hususy pudagyň forumy öz işini tamamlady

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Hususy pudagyň forumy öz işini dowam etdi.
“DÇBÖBD-niň ösüş mümkinçilikleri” atly mowzuklaýyn mejlisde bu ýurtlara öz mümkinçiliklerini strategik esasda ulanmak arkaly çalt ösýän dünýä ykdysadyýetinde durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmaga, olaryň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam berjek çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.
Bellenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň ep-esli bölegini emele getirýän DÇBÖBD özleriniň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly käbir meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Deňiz portlaryna göni çykalganyň bolmazlygy olar üçin logistika, ulag babatda we ykdysady kynçylyklary döredýär. Muňa garamazdan, DÇBÖBD ösüş üçin ägirt uly kuwwata eýedirler. Tehnologiýanyň häzirki zaman gazananlary, sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi we ykdysadyýeti dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler bu ýurtlar üçin täze gözýetimleri açýar. Hususan-da, sanlylaşdyrma we döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy halkara bazarlara, maliýe hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyryp, geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýär.
Şunuň bilen birlikde, durnukly ösýän senagata maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we munuň üçin zerur bolan täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. UNIDO BMG-niň senagat ösüşi boýunça ýöriteleşdirilen edarasy hökmünde DÇBÖBD-niň senagatlarynyň ekologiýa taýdan arassa ugurlarynyň ösdürilmegini goldaýar.
Düzümleýin özgertmeler, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, DÇBÖBD-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň hataryndadyr.
Şeýle hem energiýa çeşmelerine elýeterliligiň islendik ösüşiň binýady bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, durnukly energetiki çözgütleriň ulanylmagynyň, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Bu ugurda hususy pudak özgertmeleriň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edýär. Işewürligiň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine, innowasion tehnologiýalara hem-de önümçilige maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmaga hem ýardam berýär.
Oňyn özgertmeleriň amala aşýan ýene-de bir ugry logistika infrastrukturasydyr. Üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, demir ýol we awtoulag ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem üstaşyr geçiş amallarynyň ýeňilleşdirilmegi söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, “Açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatlaryny alyp barýan Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň köp şahaly toruny emele getirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany, Ýewropany, Hazar, Gara deňzi we Baltika sebitlerini, Orta hem-de Ýakyn Gündogary, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu ugurda yzygiderli işleri alyp barmak bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.
Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaryny, şol sanda ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Merkezi Aziýanyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda köpri bolup durýar. Ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly söwdany ösdürmekde, medeniýetleriň özara alyşmagynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Häzirki wagtda ýurdumyz bu gadymy söwda ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.
Dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy bilen baglylykda, ýurdumyz ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Şolaryň hatarynda “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnama hem bar. Munuň özi Türkmenistanda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Şeýle hem çykyş edenler DÇBÖBD-niň mümkinçiliklerini has doly derejede durmuşa geçirmek üçin amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmeginiň hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň, adam maýasyny ösdürmäge, innowasiýalary goldamaga we telekeçiler üçin maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmäge aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny bellediler.
Umumy pikire görä, Hökümetleriň, hususy pudagyň we halkara jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmegi DÇBÖBD-niň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglylykda ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini durnukly we inklýuziw ösüş üçin täze mümkinçiliklere öwürmäge ýardam berer. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, diňe bilelikdäki tagallalar bilen uzak möhletleýin ykdysady ösüş üçin amatly şertler üpjün edilip bilner.
BMG-niň Ählumumy şertnamasy bilen hyzmatdaşlykda guralan hem-de maliýeleşdirmäge we maýa goýumlara bagyşlanan mejlisde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin esasy meseleleriň birine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, maliýe serişdelerine elýeterliligiň giňeldilmegi DÇBÖBD-de ykdysady we infrastruktura meselelerini çözmegiň zerur şertleriniň biri bolup durýar. Şunda maliýeleşdirmegiň netijeli mehanizmleriniň döredilmegi durnukly we inklýuziw ösüşi üpjün etmek üçin ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi.
Maliýe hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy hem-de innowasion maliýe tehnologiýalary maliýeleşdirmäge elýeterliligi giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Mobil platformalar we beýleki tehnologiýalar päsgelçilikleri aradan aýyrmaga hem-de bank geçirimlerinde çykdajylary azaltmaga ýardam berýär. Bu mehanizmler DÇBÖBD-de ykdysady ösüşiň binýady bolup durýan telekeçiligi goldamakda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Çykyş edenler maýa goýumlary çekmekde köptaraplaýyn maliýe institutlary bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ornuny bellediler. Munuň özi iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şeýle başlangyçlaryň milli ykdysady ösüş strategiýalary bilen ugurdaş bolmalydygy we her bir ýurduň aýratynlyklarynyň nazara alynmalydygy nygtaldy.
Bilermenleriň bellemegine görä, DÇBÖBD-de maliýeleşdirmegiň giňeldilmegi maliýe bazarlarynyň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we halkara goldawyň işjeňleşdirilmegi ýaly çäreleri özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär.
Soňra forum öz işini “Sanly ösüş” atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Mejlis Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde sanly tehnologiýalar batly depginler bilen ösüp, DÇBÖBD-de durmuş we ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga ýardam berýän şertleriň biri bolup çykyş edýär. Emma munuň özi hökümetlerden we hususy pudakdan sanly infrastruktura gönükdirilýän strategik maýa goýumlaryň artdyrylmagyny hem-de ähli ugurlar boýunça innowasion sanly çözgütleriň höweslendirilmegini talap edýär.
Sanly infrastruktura serhetüsti arabaglanyşygy gowulandyrmak hem-de söwda päsgelçiliklerini peseltmek bilen bir hatarda, DÇBÖBD-niň ählumumy sanly ykdysadyýete goşulyşmagyna ýardam berýär. Mundan başga-da, ösen sanly infrastruktura bu ýurtlaryň daşary ýurt maýa goýumlary üçin, hususan-da, elektron söwda we tehnologiýalar pudaklarynda özüne çekijiligini ýokarlandyrýar. Maýa goýumlaryň artmagy bolsa ykdysady ösüşe itergi berýär we ýerli işewürlik üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Şeýle hem ösen sanly infrastruktura DÇBÖBD üçin geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge, maýa goýumlary çekmäge hem-de durnukly ösüşi we inklýuziw sanly özgertmäni çaltlandyrmaga şert döredýär. Mundan başga-da sanly tehnologiýalar maliýe hyzmatlary, bilim we saglygy goraýyş ýaly ugurlary ösdürmäge ýardam berýär. Munuň özi bu ýurtlaryň ykdysady binýadyny berkidýär we durnuklylygyny pugtalandyrýar.
Şeýlelikde, sanly ösüş DÇBÖBD-niň deňze göni çykalgasynyň bolmazlygy bilen şertlendirilen meselelerini çözmäge, ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga ýardam berýän netijeli gural bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, çykyş edenler sanly tehnologiýalar bilen bir hatarda, beýleki infrastrukturalaryň hem ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler. Diňe şeýle toplumlaýyn çemeleşme DÇBÖBD-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga mümkinçilik berer.
Forum ýokary derejedäki jemleýji mejlis bilen tamamlandy. Mejlisde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge hususy pudagy işjeň çekmek arkaly bu ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Forumyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi.
Foruma gatnaşyjylar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler.