Pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk

Ýurdumyzyň esasy milli baýlyklarynyň biri hasaplanylýan pagtanyň bol hasylyny kemala getirmekde baý iş tejribesini toplan Lebap welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri şu oba hojalyk ýylynda hem gowaçanyň bitginli hasylyny kemala getirdiler.
Häzirki wagtda boýy ýetik gowaçaly meýdanlarda pagtalaryň köpçülikleýin açylyp başlamagy bolsa, daýhan yhlasynyň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär. 130 müň gektar ýere gowaça ekip, ondan bol hasyl almaklygy meýilleşdirýän Gündogar sebitiň zähmetsöýer daýhanlary örän jogapkärli möwsüme — pagta ýygymyna hem taýýarlyk işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.
Welaýatyň etraplarynda bar bolan pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 38-si, şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11-si pagta ýygymy möwsümine doly taýýar edilipdir. Harmanhanalaryň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň ählisinde elektron terezileri oturdylyp, olar döwlet standartlary gullugynyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, kabul edilýän pagta hasylyny ölçemeklige taýýar edilipdir. Bu bolsa, harmanhanalara getirilýän pagta hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige mümkinçilik berer.
Welaýatyň iň uly pagta arassalaýjy kärhanasy — Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen, ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna pagtany täzeden işlemeklige niýetlenen, Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda hem jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlykly gelendigini bellemek zerurdyr. Bu ýerde bar bolan pagta hasylyny kabul etmeklige niýetlenen tehnikalaryň ählisi gözden geçirilip, taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Şonuň bilen birlikde welaýatyň «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigi hem-de onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalary tarapyndan ýokary öndürijilikli, kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlar tehniki taýdan gözden geçirlip, möwsüme taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Şeýle hem ýygym döwründe ýygnalan pagta hasylyny pagta kabul ediş harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy kärhanalara daşamak üçin tehnikalar – awtoulaglar, traktorlar we olaryň tirkegleri gözden geçirilip, möwsüme taýýar edilipdir.
Gyzgalaňly möwsümde tehniki hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça çäreleriň göz öňünde tutulandygyny hem belläp geçmek möhümdir. Jogapkärli möwsümiň öň ýanynda welaýatda alnyp barylýan guramaçylyk işleri Gündogar sebitiň pagtaçy daýhanlarynyň ýetişdirilen bol pagta hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap, bellenilen sepgide ýetjekdiklerine bolan ynamyňy berkidýär.