Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senäniň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen maslahatyna dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagy döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän beýik başlangyçlaryň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Maslahat paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň esaslandyrylmagy we onuň işiniň Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy döwri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmagy ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklar häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär. Bu bolsa parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolmagyny şertlendirýär.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan, halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna möhüm orun berlipdir. Bu eserler halkymyzyň Watanymyza, onuň geçmişine, häzirki bagtyýar döwrüne guwanç duýgularyny artdyrýar.
Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan işleriň mazmuny we ugry ýylyň-ýylyna giňeldilýär. Birleşigiň agzalary öz ýaşaýan ýerlerinde dürli çäreleri guraýarlar. Bu günki gün DTYB döwletimiziň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny dünýäde wagyz etmekde, taryhyny, dilini öwrenmekde aýratyn orny bolan abraýly gurama öwrüldi.
Şeýle hem sergide milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, kümüş şaý-sepler görkezildi. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden kemala gelýän halylardyr keşdeler hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Şanly senelerdir dabaralaryň çäklerinde giň möçberli sergileriň guralmagy halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmegiň netijeli ýoly bolup durýar.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty açyk diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi maslahatyň dabaraly böleginiň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, ösüşiň, berkararlygyň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uly bolar. “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri netijesinde Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň sütünlerini berkitmekde ägirt uly işler amala aşyrylyp, eziz Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän döwletleriň biri hökmünde ykrar edildi we parahatçylygyň, dostlugyň, bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi” diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda nygtaýar.
Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy. Forumyň dowamynda DTYB-nyň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe birleşigiň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize we hemmelere ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň dabaraly açylmagy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ägirt uly zähmet üstünliklerine beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda dürli maksatly binalar gurlup ulanmaga berilýär, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda beýik sepgitlere ýetilýär. 1-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döwrebap binalar toplumy, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy we beýleki ugurdaş desgalar açyldy. Aşgabatda, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze mekdeplerdir çagalar baglary ulanmaga berildi. Munuň özi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň keşbiniň täze obalaryň, şäherçeleriň, durmuş-medeni maksatly binalaryň açylmagy bilen düýpli özgermegini şertlendirýär. Müňlerçe maşgalalar täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardylar. Bu bolsa adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny görkezýär.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary derejede dowam edýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ösüşine, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän beýik işler ýokary derejede amal bolýar. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna bolsa 80 ýyl dolýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen döwletimiz geçen döwrüň dowamynda Milletler Bileleşiginiň ygtybarly we strategik hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bolsa Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny görkezýär.
Çykyşlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň kabul edilendigi aýratyn nygtaldy. Kararnama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirildi. BMG-niň Baş sekretarynyň, şeýle-de dünýäniň 100-den gowrak döwletiniň, iri halkara guramalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guralan bu iri forum Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini üstünlikli ilerledýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
Çykyş edenler dünýä türkmenleriniň ata Watanymyzyň köpugurly ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen topragynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri, ýetilýän belent sepgitleri giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny bellediler. Häzirki döwürde halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Bu bolsa dünýä türkmenleriniň öz Watanyna bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ähli türkmenleriň ata Watany bolan Türkmenistan halkymyzyň we dünýä türkmenleriniň hoşniýetli gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýeleýär. Munuň özi bagtyýar durmuşyň we döwletliligiň baş şertini emele getirýär. Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen ýola goýulýan gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Şunda ynsanperwer çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleri dürli çäreleri geçirýärler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömeklerini ugradýandygy nygtaldy. Ýakynda Owganystanda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çeken owgan halkyna, ilkinji nobatda, çagalara niýetlenen önümleriň we harytlaryň ugradylmagy ýurdumyzyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň birleşigi Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasy bilen bilelikde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly dabaraly maslahaty geçirdi. Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýeti hem şol ýerdäki dürli milletden bolan halklaryň dost-doganlygynyň pugtalanmagyna ýardam etjek ynsanperwer çäräni gurady. Şeýle çäreler Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň tagallalary bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem ýaýbaňlandyryldy.
Birleşik «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen bilelikde her ýyl Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleri we şanly seneler mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini guraýar. Şeýle bäsleşik Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz» diýen at bilen geçirildi. Şunda bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň hem bardygyny nygtamak gerek.
Häzirki döwürde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleriniň 27-si hereket edýär. Olar Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri, halkymyzyň milli medeniýetini, sungatyny, edebi gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda, daşary ýurtly arkadaşlarymyz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde uly işleri alyp barýarlar.
Dünýä türkmenleri ykbalyň emri bilen dürli ýurtlarda ýaşaýan bolsalar-da, olaryň ählisiniň ýüregi “Ata Watanym!» diýip urýar. Çykyş edenler şular barada aýdyp, Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işlere çäksiz buýsanýandyklaryny bellediler. Çünki Watan duýgusy islendik ynsanyň ruhuny galkyndyryp, ýaşaýşa bolan höwesini has-da artdyrýar. “Arkaňda halkara giňişlikde abraý-mertebeli, ykdysady taýdan kuwwatly, ähli ugurlar boýunça bedew bady bilen ösýän dag ýaly Watanyň bardygyny duýmak belent mertebedir. Munuň özi her bir türkmeni belent maksatlara ýetmäge, ägirt uly sepgitleri eýelemäge ruhlandyrýar” diýip, maslahatda çykyş edenler nygtadylar.
Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Onda döwlet Baştutanymyza Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri beýan edilýär. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkara abraýynyň pugtalandyrylýandygy, daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň alyp barýan işlerine ägirt uly üns berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.