Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Ýerewanda diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazowy kabul etdi.
Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Prezidenti W.Haçaturýan Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident W.Haçaturýan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtaldy. Şeýle hem, Ermenistanyň Prezidenti şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara dialogynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtaldy.
Öz nobatynda Ilçi M.Aýazow Prezident W.Haçaturýana Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygy aýdylyp, bu babatda amala aşyrylýan özara saparlaryň, ýokary derejedäki geçirilýän gepleşikleriň aýratyn ähmiýeti bellenildi.
Prezident W.Haçaturýan Ilçi M.Aýazowa Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin hoşallygyny beýan etdi we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.