Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.
Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda taryhyň, medeniýetiň, diliň we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Dünýäniň energetika bazarynda möhüm orun eýeleýän iki ýurt syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär.