«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzasy derejesine eýe boldy

photo

21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek we logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer halkara ýük howa gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr mümkinçiliklerini, logistika babatda özüne çekijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe bolandygy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşurylandygy barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge, logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, wise-premýere daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.