Ykdysady görkezijiler – Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
Eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda uly üstünlikler gazanylýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen on aýynyň makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmegiň, durnukly ösüş depginlerini saklamagyň ähli wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilendigini görkezýär.
Geçen on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň 6,3 göterime barabar bolandygyny turuwbaşdan bellemelidiris. Ýanwar – oktýabr aýlarynda senagat pudagynda ösüş depgini 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim ýokarlandy.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymaty öňe sürýän hormatly Prezidentimiz eziz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly işlere uly ähmiýet berýär. Türkmenistan Watanymyz häzirki wagtda ykdysady taýdan kuwwatly döwlet bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň esasy senagat döwletleriniň hataryna ynamly goşulýar. Ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüşine gönükdirilen özgertmeler önümçilik pudagyna ylmyň hem tehnikanyň gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de sanly ykdysadyýete geçmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmenistan milli ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösdürmegiň bähbidine pudaklara ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Dünýä ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýurdumyza amala aşyrýan saparlary, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň dünýä ýurtlarynda saparda bolup, tejribe alyşmaklary işleriň ýokary netijeliligini gazanmagy üpjün edýär. Türkmenistanda ykdysady durnuklylygyň, kanuny kepillikleriň hem-de döwlet goldawynyň ýokary derejede üpjün edilmegi daşary ýurt maýadarlarynda ýurdumyz bilen bagly gyzyklanmalary has-da artdyrýar. Milli ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň netijesinde döwlet hem-de halkara derejede iri möçberli taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik döreýär, milli önümçiligiň binýady düýpgöter özgerýär, ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni binalaryň uly toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär. Häzirki döwürde daşary ýurt kompaniýalary agyr senagat, dokma pudagy, oba hojalygy, elektron senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegi, syýahatçylyk, ulag-kommunikasiýa, raýat awiasiýasynyň, demir ýollaryň we deňiz ulaglarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak, milli emeli hemramyzy ulanmak ýaly ugurlarda taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşýarlar.
Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen üpjün edilýär. Bu ugurda gazanylan oňyn tejribeler kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine hem itergi berýär. Ýurdumyzda telekeçileriň önümçilikleri döretmäge ýa-da giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna karz goldawyny bermek boýunça maksatnamanyň çäklerinde hususy haryt öndürijileri karzlaşdyrmak ýaly ugurlaryň hasabyna uzak möhletli karzlaşdyrmak işi çalt depginlerde ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu babatdaky öňdengörüji başlangyçlarynyň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýrylmaz bölegine öwrülen iri işewürler düzümi kemala geldi. Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligiň berk binýady kemala getirilýär. «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagynyň netijesinde, erkin ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ýeňillikli salgyt syýasaty, ýeňillikli karzlaryň berilmegi telekeçiligi ösdürmäge ýardam berýän mümkinçiliklerdir.
Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli durmuş özgertmeler syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga esas bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek maksady bilen, köpsanly ýaşaýyş jaýlar, durmuş-hyzmat ediş toplumlar, hassahanalardyr şypahanalar, ýokary okuw mekdepleriň, mekdeplerdir çagalar baglarynyň binalary, döwrebap sport desgalar gurulýar.
Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň gazanylmagynda her ýyl kabul edilýän döwletiň maliýe meýilnamasy bolan Döwlet býujetiniň ähmiýeti uludyr. Maliýe meýilnamalaşdyrylyşynyň düzüm bölegi bolan býujet meýilnamalaşdyrylyşy döwletiň halk hojalygy we býujet ulgamynyň düzümleriniň arasynda bolup geçýän maliýe gatnaşyklaryny kesgitleýär. Şu ýylyň 22-nji noýabrynda «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun geljek ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasyny hem-de ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, maýa goýum taslamalarynyň, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 million manat möçberinde tassyklanyldy. Bu Kanun 9 sany maddadan ybarat bolup, Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň serişdeleri, şol sanda birinji derejeli girdejileriň we çykdajylarynyň serişdeleri, merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň girdejileri we çykdajylarynyň serişdeleri, merkezleşdirilen býujetden salgytlaryň üsti bilen ýerli býujetlere geçirilýän kadalyk ölçegleri, merkezleşdirilen býujetden ýerli býujetleri deňeçerlemek üçin goýberilýän pul serişdeleriň möçberleri, goralan maddalar, maliýeleşdirmegiň çeşmeleri kesgitlenendir.
2026-njy ýyl üçin býujet maýa goýum maksatnamasynda senagat pudaklarynyň ösdürilmegi, eksporta gönükdirilen hem-de importyň ornuny tutýan önümçilikleriň geriminiň giňeldilmegi, halkyň durmuş taýdan goraglylygynyň berjaý edilmegi ýaly toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Maýa goýumlaryň serişdeleri önümçilik, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýär. Bu serişdeleriň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, suw hem-de lagym ulgamlarynyň, elektrik geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça birnäçe çäreler meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basýan döwründe bu wajyp maliýe-hukuk resminamasy halkymyzyň ertirki güni baradaky aladanyň, abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagynyň kepilidir.