Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýurdumyz GDA-nyň giňişliginde ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyna aýratyn üns berýär. Bütindünýä durnukly ulag gününi yglan etmek baradaky başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäklerinden geçýän Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň Hazar deňzi sebitini kuwwatly ulag merkezine öwürmek boýunça başlangyçlary dostlukly döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, harytlary Günorta Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna çykarmaga ýardam berýär.

Ynsanperwer we ekologiýa ulgamlary hem Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz Aral meselesini çözmäge işjeň gatnaşyp, «ýaşyl» diplomatiýa, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň şäherleriniň birnäçe gezek «Arkalaşygyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bolsa Türkmenistanyň özara hormat goýmak, umumy taryhy mirasy gorap saklamak arkaly halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrýandygyny, medeniýetara dialoga açykdygyny görkezýär.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak we köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn dialog hil taýdan täze derejä çykaryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýurdumyza amala aşyran sapary iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklan ähmiýetli waka boldy.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ulag-logistika hyzmatdaşlygy hem strategik ähmiýete eýe. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän ýurdumyz bu günki gün Ýewraziýanyň üstaşyr ulag merkezine öwrülýär. Demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek, logistikany sanlylaşdyrmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalar GDA ýurtlaryna Hind ummany we Pars aýlagy ýurtlarynyň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Bu hyzmatdaşlyk sebitiň geografik artykmaçlyklaryny ykdysady abadançylygyň anyk guralyna öwürýär. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklaryny birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär. Şunda ylym we bilim ulgamlaryna aýratyn orun degişlidir.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlyk ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli goldap, onuň Merkezi Aziýada durnuklylygy pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde eýeleýän möhüm ornuny ykrar edýär.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerine — Döwlet “Ermitaž” muzeýine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördüler.

Döwlet Baştutanlary, ilki bilen, muzeýiň birinji gatynda ýerleşýän «Altyn hazyna» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde antik döwrüň zergärleriniň ýasan altyn şaý-sepleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda gadymy skif halkyna degişli bolan iki müň ýyllyk altyn önümler nepisligi bilen haýran galdyrýar. Ikinji gatda ýerleşýän Orta Aziýa zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen tanyşmak bolýar. Ekspozisiýa asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň arasynda kemala gelen gatnaşyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gadymy döwürlerde ýurtlary we halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny alyp barmakda däl, eýsem, medeni dialogy yzygiderli ösdürmekde hem özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Bu söwda ýolunyň merkezinde ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrypdyr. Ýükli kerwenler ýurdumyzyň üstünden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna geçipdirler. Bu ýoluň ugrunda ýerleşýän Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly şäherler möhüm ylmy we medeni merkezler bolupdyr.

Soňra dostlukly ýurtlaryň Liderleri Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň sungaty bilen tanyşdyrýan zallara aýlanyp gördüler. Bu ýerde Günbataryň meşhur suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň eserleri bilen tanyşmak bolýar.

Soňra döwlet Baştutanlary «Leonardo da Winçi» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde Ýewropanyň Gaýtadan döreýiş döwrüniň beýik ussadynyň 20-den gowrak eseri saklanýar. Bu sungat eserleri çeperçilik ussatlygy we çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar.

Muzeý bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygy geçirildi. RF-niň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine syn berildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Prezident Wladimir Putin 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň güwäsidir. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanlary “Ermitaž” muzeýinde konserte tomaşa etdiler.

Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmagy ýurdumyzyň açyk we özara hormat goýmak dialogyna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Resmi däl görnüşde geçen sammit tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemlemek bilen bir hatarda, dürli ulgamlarda bilelikdäki täze başlangyçlar üçin binýat goýmaga hem mümkinçilik berdi. GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan üçin şeýle meýdança sebitde parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary ilerletmekde möhüm gural bolup durýar.