Baýramçylyk söwdalary – bolçulygyň, berekediň binýady
Tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesini ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslän halkymyz ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna uly şatlyk-şowhun, ýagşydan-ýagşy arzuw-umytlar bilen taýýarlyk görýärler. Çünki, buýsançly garşylanýan Täze ýyl baýramynda bereketli saçaklary giňden ýazmak, gelen myhmana hödür-kerem etmek döwletli ilimiziň mukaddes däp-dessurlarynyň, ata-baba gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatyndan göwünleri galkynýan ildeşlerimiz hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni guwandyryjy üstünliklere, taryhy ähmiýetli ýatda galyjy pursatlara besleýärler. Bu bolsa 2026-njy, Täze ýylda ojaklarymyzyň abadan, rysgal-bereketli, toý-baýramly bolmagy baradaky ýagşy umyt-arzuwlarymyzdan gözbaş alýar. Geljek ýylymyzyň Gündogar müçenamasy esasynda ýylky ýyly hökmünde taryha girýänligi at ýylynyň adyna mynasyp derejede bedew batly ösüşlere eýe boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Şeýle mizemez hakykatam ählihalk baýramyna ýokary derejede taýýarlykly barýan Günbatar sebitiň agzybir ilatynda-da guwanç, buýsanç duýgularyny döredýär. Munuň şeýledigine Balkan welaýatynyň etraplarydyr şäherlerindäki söwda nokatlarynda, ak bazarlarynda, göçme ýarmarkalarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan dürli görnüşli azyk önümleriniň, sowgatlyk harytlaryň bolçulygam güwä geçýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti tarapyndan ilata döwrebap derejede guralýan baýramçylyk söwda hyzmatlaram aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Baýramçylyk saçaklarymyza bereket bolup dolýan islegli, arzyly önümleriň, harytlaryň ýurdumyzda öndürilýänligi hem guwandyryjy hakykatdyr. Şu babatda hususy önüm öndürijileriň, hemişe gözlegde bolýan telekeçileriň, söwda işgärleriniň gazanýan üstünlikleri guwançly bellenilmäge degişlidir. Şeýle-de olar toý-baýramly, rysgal-döwletli ýyllaryň birine öwrülip, şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünlikli jemleýärler.

Şu günlerde bolsa Günbatar sebitiň ýaşaýjylaryny ter gök-bakja önümleri, datly miwelerdir ir-iýmişler, süýjilikler, şerbetler, şeýle-de baýramçylyga degişli sowgatlar bilen üpjün etmekde toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Welaýat merkezindäki, etrap-şäherlerdäki köpugurly söwda bazarlarynda, nokatlarynda azyk önümleriniň, gülleriň, sowgatlyk harytlaryň, Täze ýyl arçalarynyň ýaraşykly nusgalarynyň, köp öwüşginli bezeg serişdeleriniň elýeterli nyrhlardaky söwdalaram giňden ýaýbaňlandyrylýar. Hut şu ýagdaýyň özem şanly baýrama ählitaraplaýyn taýýarlyklar görýän balkanly ildeşlerimiziň söýgi-buýsançlaryny hasam artdyrýar.

Welaýatyň ýaşaýjylary amatly bahalardan hödürlenýän maldarçylyk, guş, balyk we beýleki önümleri, ýumurtga, süýt, çörek hem-de olardan taýýarlanýan azyklyk önümlerini hem uly höwes bilen satyn alýarlar. Juda ýaraşykly, owadan gaplara gaplanan baýramçylyk sowgatlaram, güllerem müşderileriň ösen isleglerine laýyk gelýär. Söwda nokatlarynyň tekjeleriniň bezegine öwrülen dürli görnüşli önümler, şonuň ýaly-da edermen daýhanlaryň, mülkdarlaryň, ýer eýeleriniň bereketli Balkan topragynda ösdürip ýetişdiren ak bugdaýynyň unundan, dünýä belli pagta süýüminden taýýarlanylan önümler, hil nyşanly harytlar, üýtgeşik nygmatlar, Täze ýyl arçalarynyň bezeg serişdelerem buýsanç bilen alynýar.

Ýeri gelende aýtsak, ak bazarlaryň, söwda nokatlarynyň, ýarmarkalaryň dürli önümlerdir harytlara baýlygy Berkarar döwletimizdäki bolçulygyň, rysgal-berekediň, bagtyýarlygyň ajaýyp nyşanydyr. Taryhy eýýamymyzda döredip berlen hemmetaraplaýyn giň şertlerdir mümkinçilikler üçinem bagtyýar ýaşaýjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini aýdyp, toýlarymyzyň toýlara, baýramlarymyzyň baýramlara ulaşmagyny arzuwlaýarlar.