Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini görkezýän ikitaraplaýyn resminamalaryň hataryna bilim ulgamynda özara gatnaşyk etmek hakynda ylalaşyklar girdi.
Şolar türkmen we ýapon uniwersitetleri tarapyndan gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar boldy, hususan-da:
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň inženerçilik mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň inženerçilik mekdebiniň arasynda talyplary alyşmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Ikitaraplaýyn resminamalar ylym we bilim ulgamynda Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek ugrunda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Häzirki günde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýapon okuw mekdepleriniň we kompaniýalarynyň eýýäm 10-sy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalary baglaşdy. Bu resminamalar ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek, bilelikdäki maksatnamalary döretmek hem-de ýokary bilimiň özara gyzyklanma döredýän ileri tutulýan ugurlarynda gatnaşyk etmek, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işlemek üçin pugta esas bolup durýar.