Türkmenistan Bitaraplyk derejesiniň bütin adamzadyň bähbidine hyzmat etmäge taýýardygyny iş ýüzünde subut etdi
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesiniň adamzada hyzmat etmegiň we ählumumy abadançylyga ýardam bermegiň netijeliligini iş ýüzünde subut etdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaraly çäräniň dowamynda aýtdy.
Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy öz çykyşynda Bitaraplygyň diňe bir ýurduň eýeleýän pozisiýasy bolman, eýsem, häzirki wagtda örän zerur bolan halkara guraldygyny aýratyn nygtady. Bu dereje dürli bähbitleri bolan döwletleri ýakynlaşdyrmakda hem-de syýasy işe gatnaşyjylaryň ählisiniň kanuny bähbitlerini nazara almak bilen, iň çylşyrymly halkara meseleler boýunça ylalaşyk gazanmakda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
«Türkmenistan Bitaraplygyň mümkinçilikleriniň, oňa mahsus gurallaryň we çemeleşmeleriň halkara syýasatda, hususan-da, anyk ýagdaýlarda ýygy-ýygydan hem-de giňden ulanyljakdygyna berk ynanýar. Bitaraplyk ýurdumyzyň içerki ösüşiniň, halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgesi hem-de ýol görkezijisi bolup gelýär we şeýle bolmagynda-da galar» diýip, R.Meredow belledi.