Bilim ministrliginiň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlar sylaglanyldy
Şu gün ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň mejlisler jaýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna hem-de olary halkara bäsleşiklerine taýýarlan mugallymlara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Munuň özi ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza bildirilýän çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynda ýaýbaňlandyran giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli bilimiň derejesi we hili ýokarlandy. Şunda bu ugurda ýola goýulýan halkara gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda halkara ders olimpiadalarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary we dünýä ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenleri hem-de tälimçileri sylaglamak dabarasy boldy. Bu wakalar ýurdumyzda giňden dabaralandyrylan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň dünýä giňişliginde belentde pasyrdamagyna dahylly bolan türkmen türgenlerini, halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryny we talyp ýaşlary döwlet derejesinde sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşan ýaşlara bildirilýän hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Ýurdumyzyň Bilim ministrliginde geçirilen dabara «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen täze – 2026-njy ýyly mynasyp derejede garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli medeni-köpçülikleýin çäreleriň üstüni ýetirdi. Bu waka ýurdumyzda saýlap alan hünärine yhlas edip, belent derejelere ýeten ýaşlaryň sarpasynyň belent tutulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Hormat hatlaryny we baýramçylyk sowgatlaryny aýratyn buýsanç bilen kabul eden ýaşlar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de belent sepgitleri eýelemek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.