Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty döredildi
Biziň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän täze 2026-njy ýyl guwançly wakalara beslendi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty işe girizildi.
Resmi web-saýty Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň açyklygyny, elýeterliligini üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem halkara hyzmatdaşlary üçin amatlylyk döretmek maksady bilen döredildi. Saýtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň öňde goýan wezipeleri, işiniň esasy ugurlary baradaky giňişleýin maglumatlar, şeýle-de habarlar we media maglumatlar ýerleşdirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň özüniň dört ýyllyk işiniň dowamynda ýüzlerçe çaga kömek berip, 700-den gowrak hirurgiki operasiýalaryň hem-de dikeldiş maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegini üpjün etdi. Ýurdumyzyň içinde we halkara derejesinde onlarça haýyr-sahawat taslamalary üstünlikli durmuşa geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz şahamçasyny açdy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegini dowam etdirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurdumyzyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine yzygiderli goldaw berip gelýär. Gurama döwrebap tiz kömek awtoulaglaryny, gemodializ enjamlaryny we ýöriteleşdirilen awiasiýa tehnikalaryny peşgeş berýär. Ondan başga-da, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda ýerleşýän degişli bejeriş-bilim edaralarynyň terbiýelenýänleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda bolýarlar.