img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň serhetüsti suw serişdelerini peýdalanmak boýunça üç sany esasy ýörelgesini beýan etdi

photo

22-nji aprelde Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýada serhetüsti suw serişdeleriniň rejeli we adalatly peýdalanylmagy baradaky meselä aýratyn üns çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýurdumyzyň resmi garaýşynyň hemişe açykdygyny we yzygiderlidigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti serhetüsti derýalaryň suw meselelerini çözmegiň esasyny düzmeli bolan üç sany binýatlyk ýörelgelerini kesgitledi:

birinji ýörelge – suw meseleleri boýunça esasy konwensiýalaryň we beýleki halkara namalaryň berk berjaý edilmegi;

ikinji ýörelge – serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagy;

üçünji ýörelge – halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň bu işe giňden gatnaşmagy.