img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Awaza – halkara dialogyň merkezi: Türkmenistan 2026-njy ýylyň sammitlerine taýýarlanýar

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary kesgitlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iri halkara forumlaryny geçirmek boýunça meýilnamalara garaldy.

Türkmenistan 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýurt hökmünde GDA giňişliginde hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça işlerini dowam etdirýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow birnäçe möhüm duşuşyklara taýýarlyk görülýändigi barada hasabat berdi.

Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, 9-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Sammitleriň öňüsyrasynda gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlisleri geçirilip, jemleýji gün tertipleri ylalaşylar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy BMG-niň howandarlygyndaky halkara başlangyçlar üçin möhüm meýdança hökmünde öz ornuny tassyklaýar. Şu ýylyň oktýabrynda bu ýerde birnäçe möhüm forumlar geçiriler. Olaryň hatarynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy, durnukly ösüş şertlerinde häzirki zaman wezipeleri we halkara tejribesi ara alnyp maslahatlaşyljak «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahaty, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň ählumumy elýeterli saglygy goraýyş hyzmatlaryna bagyşlanan maslahaty bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň ösüş strategiýasynda sebitiň tebigy mirasyny gorap saklamaga aýratyn üns berilýär. Bu ugurda geçiriljek çäreleriň maksatnamasy hem örän baý bolar. 7-nji oktýabrda Hazar deňziniň ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen Hazarýaka döwletleriň ministrler derejesindäki duşuşygy geçiriler. Suw howpsuzlygy meseleleri boýunça bolsa sebitiň döwletleriniň we Owganystanyň ýokary derejeli duşuşygyny geçirip, Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çäreler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmak ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmäge gönükdirilendir.