img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň telekeçilerine ýarym fabrikat mitkal matasy, nah ýüplük, pagta süýümi, bugdaý uny, dokma önümleriniň galyndylary, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 145 million 420 müň manada deň bolan binýatlyk ýagyny («Türkmennebit» döwlet konserni), dokma önümleriniň galyndylaryny, pagta süýümini, polipropilen plýonkasyny, metallaşdyrylan polipropilen plýonkany satyn aldylar.