Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
Ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi. Şu mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy boldy.

Ýurdumyzda Ýeňiş güni nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene hökmünde döwlet derejesinde bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllarda adamzat görlüp-eşidilmedik kynçylyklar we agyr ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu gazaply uruş döwri dünýäniň ykdysady ulgamyna, ýurtlaryň medeni ösüşine, adamlaryň ykbalyna örän kyn synaglary getirdi. Aradan ençeme onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, pajygaly şol ýyllaryň hasraty tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde, milli bitewüligi we parahatçylygy dabaralandyrýan biziň halkymyzyň kalbynda hem agyr ýatlamalar hökmünde saklanyp, dünýäde parahatçylygy, dostlugy goramaga çagyrýar. Halkymyzyň merdana ogullarynyň müňlerçesi Watany goramak ugrunda janyny orta goýdular. Doganlyk halklar bilen birlikde, urşuň agyr synaglaryny başdan geçiren watandaşlarymyz dünýäde parahatçylygyň we azatlygyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň, belent adamkärçiligiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezdiler.


Ýeňşiň gazanylmagynda tylda jan aýaman zähmet çekenleriň hem gaýratly zähmetiniň ähmiýeti uludyr. Tylyň zähmetkeşleri gijesini gündiz edip işläp, galladyr pagta hasylyny ýetişdirip, frontuň zerurlyklaryny üpjün etdiler. Türkmen zenanlary Goranmak gaznasyna 7 müň 400 kilograma golaý altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyryp, Beýik Ýeňşe uly goşant goşdular. Uruş weteranlary we tylda zähmet çekenler Ýer ýüzünde parahatçylygy, nesilleriň asuda, bagtyýar geljegini gorap, baky şöhrat gazandylar. Olaryň durmuş ýoly Watana, halka gulluk etmegiň hakyky nusgasy bolup, ösüp gelýän ýaş nesli gahrymançylyk, mertlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde pederlerimiziň görkezen gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi synmaz erkiň, harby borja ygrarlylygyň, Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Edermenlikleri üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy “Gahryman” diýen belent ada mynasyp boldy, müňlerçe esgerler orden-medallar bilen sylaglandy. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Berdimuhamet Annaýewiň Russiýanyň ýokary döwlet sylagyna — “Edermenligi üçin” medalyna mynasyp bolmagy Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, duşman bilen gaýduwsyz söweşen hem-de Ýeňşe uly goşant goşan türkmenistanly esgerlere çäksiz hormatyň nyşanydyr.


Milli gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup durýar. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz ildeşlerimize milli gahrymanlarymyz baradaky hakydany gorap saklamagyň we ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakynda Permana gol çekmegi merdana pederlerimiziň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Uruş weteranlary döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde saklanýar. Mähriban halkymyzyň parahatçylygynyň, bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň hatyrasyna baş goýan gaýduwsyz pederlerimiz hakyndaky ýatlama paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda öz beýanyny tapýar. Her ýylyň 9-njy maýynda ildeşlerimiz bu ýere gelip, Beýik Watançylyk urşundan gaýdyp gelmedik türkmen esgerlerini hatyralaýarlar.

...Irden asylly däbe görä, häzirki we geljek nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Mejlisiň wekilleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar hem-de paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar. Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
«Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy. Soňra çärä gatnaşyjylar çuňňur hormat-sarpa bilen ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.


Bu çäre diňe bir taryhymyza we gahryman pederlerimize goýulýan belent sarpany alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň nyşanyna öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler üçin biz uruş ýyllarynda söweş meýdanlarynda Watany goran, Ýeňşiň hatyrasyna jan aýaman zähmet çeken watandaşlarymyzyň görkezen edermenlikleriniň öňünde borçludyrys. Gahryman pederlerimiziň Watana bolan egsilmez söýgüsi bu günki gün biziň abadan durmuşymyzda we bagtyýar nesilleriň şadyýan gülküsinde öz beýanyny tapýar. Olaryň nusgalyk göreldesi, synmaz erki bizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmäge ruhlandyrýar.
***
Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül goýmak dabaralary geçirildi. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýeňiş gününiň şanyna guralan medeni çäreler ildeşlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.